Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýürek-damar näsazlyklary
Ýazylan wagty: 13 июня 2019 Ýazan Mayichka
Ýürek-damar näsazlyklary
Pulsuň seýrekleşmegi aglaba ýagdaýda dogabitdi ýa-da soň dörän
ýürek-damar keselleri bilen baglanyşyklydyr. Olara: ýüregiň işemiýa keseli; miokardyň infarkty; ýürek ýetmezçiligi; kardiomiopatiýa; miokardit;
dogabitdi ýürek kemislikleri degişlidir.
Toksinleriň täsiri
Bedeniň himiki serişdeler, zaýalanan, möhleti geçen ýa-da zä­
herli (meselem, kömelekleriň iýmäge ýaramsyz görnüşi) zäherlenmegi,
dermanlaryň, hususan-da buşukdyryjy, arterial gan basyşyny peseldiji,
ýüregiň işine itergi beriji serişdeleriň gözegçiliksiz ulanylmagy, özbaş­
dak «bejeriş» hem bedeniň dowamly zäherlenmegine getirip, ýüregiň
haýal urmagyna sebäp bolup bilýär. Bedeni yzygiderli zäherläp, ýürek
myşsasynyň işine zyýan ýetirýän faktorlara zyýanly endikler hem
degişlidir.
Okalan sany: 106   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июня 2019

Fiziologiki sebäpler Pulsuň seýrekleşmegine daşky tebigy faktorlarynyň täsirini, ilkinji nobatda seredip geçmek maksada laýykdyr: • Gijeki uky wagtynda azaşan nerwiň (nervus vagus) işjeňligi art­ ýar, ýagny lukmançylykda “wagusyň höküm sürmegi” diýlip atlandyrylýan ýagdaý ýüze çykýar. Netijede bedende alyş-çalyş, iýmit siňdiriş, endokrin ulgamynyň işjeňligi haýallaşýar. Ýüregiň iş depgini peselýär, diýmek, ganaýlanyş haýallaşýar. • Howa näçe sowuk bolsa, ýürek şonça-da haýal urýar. Şoňa görä, gyş paslynda ýa-da sowuk howaly ýurda gidilende bradikardiýanyň ýüze çykmagy tebigy ýagdaý hasaplanylýar. • Gormonal üýtgemeler ähli beden ulgamlarynyň doly kema­ la gelýän, süňkleriň, myşsalaryň, agzalaryň ösýän ýetginjeklik döwründe ýüregi has çalt işlemäge mejbur edýär, ýöne käte ýü­ rege dynç almak üçin hem wagt berýär. Şoňa görä, ýetginjeklik döwründe pulsuň üýtgäp durmagy kadaly ýagdaýdyr. Şeýle-de bolsa, ýürek urgulary wagtal-wagtal haýallaşýan çaganyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek zerurdyr. • Türgenleriň aglabasynda ýürek urgularynyň ýygylygy minutda 50 gezekden ýokarlanmaýar (atletiki ýürek sindromy). Ýagny bradikardiýa olara mahsusdyr. Sebäbi olaryň ýüregi beýleki adamlardaka seredeniňde ulurak bolup, ýürek myşsasy has türgenle­ şiklidir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05046 sek. ýüklenen baýt: 31806