Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
MUNY BILMEK GYZYKLY WE PEÝDALY
Ýazylan wagty: 13 июня 2019 Ýazan Mayichka
MUNY BILMEK GYZYKLY WE PEÝDALY
• Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary
kelle beýnisinde daş-töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna
üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diňe bir başga
adamlaryň şatlygyny ýa-da gaýgysyny açyk-aýdyň görmäge
mümkinçilik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan
geçirmegiňe itergi berýän eken. Şoňa görä, adam kimdir biriniň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar.
Munuň hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.
• Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan aňsat eken. Adam
ýüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp
edilýär.
• El gysyşmak, gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli
ýurtlaryň däp-dessurlarynda dürli mana eýe bolup durýar. Çyn
ýürekden çykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny
— adamyň bagtlydygyny aňladýar.
• Adam ýylgyranda ýüz myşsalarynyň 5-den 53-e çenlisi şol bir
wagtda herekete gelýär.
• Çaga özüni alyp baryş we gepleýiş endiklerini daş-töwerekdäki
adamlara syn etmek we öýkünmek arkaly öwrenýär. Ýylgyrmak
ukyby bolsa käbir alymlaryň pikirine görä, dogabitdi häsiýete
eýe bolup durýar. Görmekden doga mahrum çagalaryň hem ýylgyryp bilmegi muňa güwä geçýär.
• 19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda
hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaý­
çylykly ýa-da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryň
sany azalýar.
• Aýallar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyň­
da köp ýylgyrýarlar.
• Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyldan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muňa güwä geç­
ýär. Olar ýylgyryp ýa-da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrü­
niň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata
düşen oýunçylar 80-den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň
ömri olaryňka seredeniňde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.
Okalan sany: 122   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июня 2019

MASLAHATY ALSAŇYZ... • Kimdir biri bilen telefonda gürleşmek isleýärsiňizmi? Onda trubkany eliňize alan dessiňize ýylgyryň. Gürrüňdeşiňiz bilen ýylgyryp gepleşiň. Munuň özi sesiňiziň mylaýym, pessaý, ýakymly çykmagyna itergi berip, söhbetdeşiňizde hoşmeýillilikli jogap täsirini döreder. • Gaty gaharyňyz gelende hiç kime görkezmän, birnäçe gezek ýylgyryň. 1 minutlap dowam edýän ýylgyryş maşky, adamyň emosional ýagdaýyny gowulandyrýar. • Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş daş-töwerekdäki adamlarda dostlukly garaýyşlary döredýär. Kimdir birine ýaranmak üçin ýalandan ýylgyrýan adamlara hiç kim ynanmaýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05474 sek. ýüklenen baýt: 32232