Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
MAGNITLI BILEZIK
Ýazylan wagty: 16 июня 2019 Ýazan Mayichka
MAGNITLI BILEZIK KÖMEK EDÝÄRMI?
«Adamlaryň arasynda ýaýran «magnitli bilezikler saglyga oňyn täsir edýär» diýen pikir dogrumy?».
— Magnitli bilezikleriň saglyga täsir edýändigine ilki bolup gadymy hytaý lukmanlary üns beripdir. Olaryň taglymatyna görä, adam bedeninde bolup geçýän fziki we himiki prosesler
özara baglanyşykly bolup, olara ähli ulgamlaryň (meridian) üsti bilen
geçýän «Si» energiýasy baştutanlyk edýär. «Meridianlarda» ýerleşen
aýry-aýry nokatlara täsir etmek bilen agzadaky ýa-da dokumadaky
näsazlyklary bejerip bolýar. Gadymy hytaý lukmanlarynyň pikirine gö­
rä, şeýle täsiri magnit önümleri arkaly üpjün edip bolýar. Häzirki wagtda-da köp ýurtlarda ýörgünlilik bilen ulanylýan magnit bilen bejerişiň
(magnitterapiýa) nukdaýnazaryndan magnitli bilezikleriň saglyga
oňyn täsiri bardyr. Bedendäki ähli näsazlyklar magnit meýdanynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup, magnitli önümleriň kömegi bilen
ony dikeldip bolýar. Şu jähtden magnitli bilezikler has peýdalydyr.
Çünki magnit bilen bejerýän hünärmenleriň pikiriçe, magnit
meýdanynyň täsirini bedene geçirýän nokatlaryň köpüsi
goşarlarda ýerleşýär.
Elbetde, magnit bilen keseli bejerip bolýandygy
baradaky pikir ylmy lukmançylykda subut edilen däldir.
Ýöne käbir kesellerde, hususan-da ýüregiň işemiýa keselinde, artritde, artrozda, guragyryda, gipertoniýada,
wegeto-damar distoniýasynda, demgysmada, kelle
damarlarynyň gysylmagy netijesinde döreýän dowamly kellagyryda, iýmit siňdiriş agzalarynyň näsazlyklarynda (gazlaryň emele gelmegi, içiň ýellenmegi,
iç gatama, garyn sanjysy, gastrit) magnit bilezikleriň
kömegi bilen syrkawyň ýagdaýyny ýeňilleşdirip bol­
ýan halatlary duş gelýär. Dogry ulanylanda, magnitli önümleriň täsiri bilen ganaýlanyşy işjeňleşdirmek,
kellagyryny, ýadawlygy we howsalany aýyrmak, arterial gan basyşyny peseltmek, ukyny kadalaşdyrmak,
damarlaryň diwarjyklaryny berkitmek we olaryň ma­
ýyşgaklygyny (elastiklik) ýokarlandyrmak, immuniteti
pugtalandyrmak, gaýnaglama duçar edilen bogunlardaky agyryny köşeşdirmek, streslerden goranmak, alyş-çalşy
(metabolizm) kadalaşdyrmak, bedeniň umumy ýagdaýyny
gowulandyrmak mümkindir. Elbetde, bu babatda öz-özüňi ynandyrmak hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Magnit bilen bejerýän hünärmenler magnitli önümleriň gan
damarlaryna täsirini ine, şeýle düşündirýärler: magnitiň gan öýjüklerindäki demir bilen özara täsiri ganaýlanyşyň işjeňleşmegine, ganyň
düzüminiň gowulanmagyna, onuň şepbeşikliginiň azalmagyna, beden
dokumalarynyň kislorod bilen baýlaşmagyna itergi berýär. Munuň özi
ýürek myşsalaryna düşýän agramy azaldýar.
Şeýle-de bolsa, magnitli bilezikleriň kömegi bilen keseli bejerip bolmaýandygyny ýene-de bir gezek nygtasym gelýär. Olar lukman tarapyndan bellenen bejeriş täsirini artdyrsa-da, dermanlar
bilen bejerginiň we beýleki bejeriş usullarynyň ornuny tutup bilme­
ýär. Üstesine, magnitli bilezikleri we beýleki şaý-sepleri dakynmaga
garşy görkezmeler hem bardyr. Meselem, üşütme bilen geçýän ýiti
gaýnaglamalarda we infeksiýalarda, açyk ýaralarda, ýürek ýetmez­
çiliginde, gany emele getiriş agzalarynyň näsazlyklarynda, gemofliýada, howply çişlerde, aýallarda göwrelilik we çaga emdirilýän
döwürlerde magnitli önümleri ulanmak maslahat berilmeýär.
Okalan sany: 69   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
16 июня 2019

Howa şertleriniň üýtgemegine ýokary duýgurlykly (meteogaraşlylykly) adamlara, insulty, infarkty, gipertoniki krizi ýa-da damarlara stent goýmak, aortokoronar şuntirleme, protezirleme ýaly operasiýalary geçiren, kardiostimulirleýji we beýleki elektriki-elektron enjamlary göterýän näsaglar hem magnitli bilezikleri dakynmakdan saklanmalydyr.

Mayichka
16 июня 2019

Magnit meýdanynyň täsiri güýçlenende ýürek bulanma, ýürek ritminiň ýygylaşmagy, baş aýlanma, derleme ýaly alamatlaryň ýüze çykyp biljekdigini-de ýatda saklamaly. Şeýle ýagdaýlarda magnitli bilezigi goşaryňdan çykarmaly. Täsir edýän ugurlaryna baglylykda: • artrite we artroza garşy täsirli; • gaýnaglama garşy täsirli; • damar näsazlyklarynda, şol sanda gipertoniýada ulanylýan; • sport ähmiýetli bilezikler tapawutlandyrylýar. Ýasalan çig malynyň aglaba bölegini emele getirýän düzümine baglylykda polat, mis, sirkoniý, gematit, neodiý, titandan ýaşalan magnitli bilezikler bardyr. Olary magnitterapiýa ugrundan sowatly lukmanlaryň kömegi bilen saýlamaly we ulanmaly. Hünärmenler meselem, gipertoniýaly syrkawlara magnitli bilezigi diňe çep goşaryna dakynmagy, käbir ýagdaýlarda bolsa ony gezekli-gezegine iki eliňe-de geçirip durmagy, gije ýatmak üçin düşege geçmezden öň bilezigi çykarmagy maslahat berýärler. Magnitli bilezikleri yzygiderli ulanmak we saglyga nähili täsir edýändigini anyklamak üçin wagtal-wagtal degişli barlaglardan geçmek maksada laýykdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05448 sek. ýüklenen baýt: 34633