Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Daban agyrysy
Ýazylan wagty: 19 июня 2019 Ýazan Mayichka
Dabanlar her gün uly agrama duçar bolýar. Adam ýörände zarba urujy agramyň 80%-den gowragy olaryň paýyna düşýär. Bu agzalar
diňe bir bedeni götermek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň ýöreýän
wagtynda onuň bedeniniň dürli şertlerde (pyýada köp ýörände, dar ýa-
da ökjeli köwüşli ýörände, doňaklyk ýa-da büdür-südür ýerden ýörände,
ylganda) durnukly ýagdaýa eýe bolmagyny üpjün edýärler. Adamlaryň
köpüsi iş-alada bilen geçen günüň ahyrynda aýaklarynyň guruşýandygyny, hatda rahatlyk ýagdaýynda-da dabanlarynyň agyrýandygyny aýdýar.
Agyry her kimde her hili (ýaýran, belli bir ýerde ornaşan) häsiýete eýe bolup, käbir şertlerde, meselem, howa üýtgände güýçlenip bilýär. Dabanlaryň agyrmagyna köplenç dabanlardaky bozulmalar sebäp bolýar. Dabanlarda ýüze çykan islendik kemçilik bolsa kem-kemden daýanç-hereket,
nerw, ýürek-damar, aşgazan-içege ulgamlaryna hem öz täsirini ýetirip
bilýär. 1. Oňurga gyşarýar, osteohondroz, oňurgara diskleriň ingisi döre­
ýär. Syrat bozulýar, bedeniň aýry-aýry ýerlerine düşýän agram köpelýär.
Munuň netijesinde dyz bogunlarynyň artrozy, bogun meniskleriniň zeperlenmesi we generatiw üýtgemeleri, koksartroz (but-çanaklyk bogunlarynyň artrozy) ýüze çykýar. 2. Dabanlarda köp sanly refektor nokatlar
ýerleşýär. Şoňa görä, dabanlaryň öz görnüşini üýtgetmegi (deformasiýa)
kelle beýnisiniň hereketlendiriji zonalaryna barýan nerw impulslarynyň
«ýoýulmagyna», myşsalaryň sazlaşykly hereketiniň bozulmagyna getir­
ýär. Netijede, myşsalaryň biri dartgynlaşýar, beýlekisi gowşaýar.
Myşsalaryň hereketiniň deňeçerliginiň (balans) bozulmagy dabanlaryň görnüşini üýtgetmegi bilen bilelikde ýürege we kelle beýnisine ganyň barmagynyň bökdelmegine sebäp bolýar. Ahyrky netijede
bedeniň sazlaşykly hereketi bozulýar, dowamly kellagyry döreýär, iýmit
siňdiriş agzalarynda näsazlyklar ýüze çykýar, ýüregiň işi gowşaýar. Dürli
keselleriň döremegine itergi berip bilýän şertler peýda bolýar.
Başda-da bellenilişi ýaly, dabanlarda agyrynyň döremegine köplenç daban keselleri sebäp bolýar. Ýöne bu alamat başga-da käbir nä­
sazlyklarda duş gelýär we käte dabanlaryň gijemegi, awuşamagy bilen
utgaşyp bilýär.
Okalan sany: 98   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
19 июня 2019

Dar köwüşli uzak wagtlap ýörelende, aýaklara artykmaç agram salnanda dabanlaryň sorkuldap agyrmagy bedende kalsiý elementiniň we D witamininiň ýetmezçiliginiň ýüze çykandygyny, dabanlarda dowamly ganaýlanyşyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän osteoporoz keseliniň döräp başlandygyny güman etmäge esas berýär.

Mayichka
19 июня 2019

DABAN FASSIITI Bu kesel ýörelende dabanlaryň dogry ýagdaýda saklanmagyny üpjün edýän hem-de her gezek aýaklar ýere basylyp, daban süňkjagazlary ýer bilen galtaşanda alynýan «urgynyň» güýjüni gowşadýan fassiýalaryň gaýnaglamagy bilen häsiýetlendirilýär. Ýasydabanlylyk, artykmaç agramlylyk, az hereketlilik, mydama dik durlup işlenilýändigi zerarly dabanlara uly agramyň salynmagy, oňaýsyz, rahat däl, dar köwüşleriň geýilmegi, göwrelilik döwri onuň döremegine itergi berip bilýär. Daban fassiitinde fassiýalar dartgynlaşýar, myşsalar we baglaýjylar gowşaýar, sallanyp durýar. Daban ýörelende amortizirlenmek ukybyny ýitirýär. Irden ukudan turanda, ýörände we günüň ahyrynda rahatlyk ýagdaýynda näsagyň aýaklarynda agyry döreýär. Aýratyn hem daban gümmezi we ökje töweregi köp agyrýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08158 sek. ýüklenen baýt: 33356