Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Delfnler keseli bejerýärmi
Ýazylan wagty: 19 июня 2019 Ýazan Mayichka
Delfnler keseli bejerýärmi?
Owadan we akylly deňiz jandarlary bolan delfnler özüniň hoşni­
ýetli garaýşy, rehimliligi hem-de suw giňişliginde hemaýata mätäçlik
ýüze çykan adamlary goldamaga mydama taýýardygy bilen geň galdyr­
ýar. Adam bilen delfniň aragatnaşygynyň esasynda dörän psihoterapiýa
usuly:
• psihiki-nerw bozulmalar zerarly daşky gurşaw we daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşyk saklamak ukybyny ýitiren näsaglara
ýaşaýşa, jemgyýet bilen özara aragatnaşyklara gyzyklanmany dikeltmäge ýardam edýär;
• kelle beýnisiniň we beýleki beden agzalarynyň işjeňligini ýokar­
landyrýar;
• fziki we akyl taýdan ösüşde yza galan, geplemek we aragatnaşyk
saklamak ukyby ösmedik çagalaryň aňynyň ösmegine, gepleýiş
başarnygynyň kämilleşmegine itergi berýär.
• Dauna sindromynda, çaga serebral ysmazynda, autizmde esa­
sy bejerginiň täsirini artdyrýar. Adatça syrkawyň keselini bejeriji lukmanyň, psihoterapewtiň, psihologyň, tälimçiniň, mal
lukmanynyň (weterinar)
gözegçiligi astynda
amala aşyrylýan delfnterapiýa eldeki
edilen, öwredilen delfnler
gatnaşýarlar. Delfn syrkaw bilen
suwda ýüzýär, ony arkasyna mündürip,
suw giňişliginde gezdirýär, onuň bilen
oýnaşýar. Onuň özi hem adamdan hoşni­
ýetli gatnaşyklara garaşýar. Bu bejeriş usulynyň hünärmenler goşulmaýan, adam bilen haýwanyň arasynda
erkin aragatnaşyk saklanýan görnüşi hem bardyr. Ikitaraplaýyn
aragatnaşyk saklamagyň usullaryny adamyň özi (özüniň ygty­
ýaryndaky mümkinçilikleriň çäginde) saýlaýar. Hünärmen diňe
adam bilen delfniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklen­
ýär.
Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
19 июня 2019

Sarybilbiliň owazy ýürek ritmini kadalaşdyrýar. Bu guşuň saýrak sesi nerw dartgynlylygyny aýyrýar, newrozda, gastritde, aşgazanyň başly ýaralarynda bejerginiň täsirini artdyrýar, şeýlelikde keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. • Totuguş bilen «gürleşende» adamyň ýüregi giňeýär, kalby rahat­ lanýar, ýürek keselli syrkawlaryň ýagdaýy ýeňilleşýär. • Bedenäniň «aýdymy» damarlaryň gysylmagy bilen geçýän kesel­ lerde kömek edýär. Meselem, arterial gan basyşy ýokarlananda döräp bilýän kellagyryny aýyrýar. • Gipertoniýada gara jokjokynyň çykarýan ses wibrasiýalaryny yzy­ giderli diňlemek hem peýdalydyr. Bu guşuň owazy gan basyşynyň peselmegine itergi berýär. Kanisterapiýa çaganyň duýmak, akyl ýetirmek, geplemek, hereket etmek ukybyny ösdürýär. Şoňa görä, itler bilen bejeriş akyl taýdan ösüşde yza galan, gepleýiş ukyby ösmedik, çaga serebral ysmazyna ýa- da enureze (gije düşegine buşukma) duçar bolan çagalara kömek etmek maksady bilen ulanylýar. Ýörite öwredilen itler olara hünärmenler tarapyndan saýlanan ýörite maşklary ýerine ýetirmäge hemaýat berýärler. Itler bilen aragatnaşyk miokardyň infarktynyň we beýleki ýürek keselleriniň, şeýle-de, nerw ulgamynyň näsazlyklarynyň öňüni almaga ýardam edýär, şeýle kesellerde bejerginiň täsirini artdyrýar. Itler görmekden mahrum bolan adamlara ýoldaş bolup, ýol-yz görkezmäge ukyply.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06334 sek. ýüklenen baýt: 32466