Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýoga we saglyk
Ýazylan wagty: 21 июня 2019 Ýazan Mayichka
Ýoga we saglyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda geçiren 69-njy sessiýasynda Hindistan Respublikasynyň Hormatly Premýer–Ministri jenap Narendra Modi Halkara ýoga gününi kabul etdi. Soňra 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda bolsa 193 döwletiň goldamagynda her ýylyň 21-nji iýunyny Halkara ýoga güni diýlip yglan edildi. Ýakynda Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilkinji gezek Halkara ýoga gününe bagyşlanylyp, uly dabara geçirildi.
Ýoga — bu gadymy söz bolup, onuň manysy «birleşmek», «birikdirmek», «seplemek» diýmekligi aňladýar. Sportuň bu görnüşi ilkinji gezek gadymy hindi akyldary Patanjali tarapyndan esaslandyrylandyr.
Ýoga diňe Hindi medeniýetiniň aýratynlygy bolman, ol dünýäniň uly ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly ägirt meşhurlyga eýedir.
Ýoga diňe keselleriň öňüni alman, eýsem, olary bejermekde hem orny uludyr. Çünki ýoga bedende deňagramlylygyň we çydamlylygyň döremegine ýardam edýär. Şeýle-de, içki agzalaryň işjeňliligini ýokarlandyryp, olaryň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär.
Ýoga bilen yzygider meşgullanmak arkaly beýnide gan basyşy kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamyny berkidýär. Şeýle-de beden myşsasynyň çeýeligini artdyrýar.
Ýoga maşklary ýerine ýetirilende, dem alşy dogry ýerine ýetirmeli we herekete görä, ýerinde ulanmagy unutmaly däl. Bu bolsa, nerw ulgamynyň işleýşine aýratyn peýdalydyr. Ýoga maşklarynyň kesel bejerijilik häsiýeti bolup, bilde we döş kapasasynda döreýän dowamly agyrynyň hem-de oňurga gyşarmasynyň öňüni alýar. Hususan-da, ýoganyň asana görnüşi bedeniň içki agzalarynyň owkalanmagyna aýratyn täsirlidir. Bu bolsa, bedeniň işjeňligini gowulandyrýar. Şeýle-de, ýoga keýpiňi göterip, nerw ulgamy rahatlanýar, onuň dynç almagyny üpjün edýär.
Ýoga maşklary depressiýanyň ýok bolmagyna, ukynyň kadalaşmagyna, beden ýadawlygynyň dowamly sindromynyň aýrylmagyna aýratyn täsirlidir.
Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 июня 2019

Maşklardan öň dem alyş maşkyny ýerine ýetirmek örän peýdalydyr. Arka myşsasyny göni saklap, dik oturmaly. Soňra çep eliňi kükregiňe goýup, sag eliňi göbegiň üstünde goýmaly. Şeýle ýagdaýda uludan dem alyp, garnyňy çişirmeli, soňra ýuwaşlyk bilen demi goýbermeli. Garnyňy içiňe çekmeli, elleriň arkaly dem alyş maşkynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli. Bu dem alyş maşky 12-20 gezek gaýtalamaly.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06824 sek. ýüklenen baýt: 31476