Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Çybynlar zerarly döreýän keseller
Ýazylan wagty: 21 июня 2019 Ýazan Mayichka
Çybynlar gyzzyrma, denge gyzdyrmasy we sary gyzdyrma ýaly keselleri ýaýradýarlar. Bu keseller
bir adamdan beýleki adama çalt geçýär. Çybynlar ýata suwda köpelýärler.
Çybynlaryň ýaýradýan keselleriniň öňüni almak üçin:
• Olaryň çakmagyndan gaça durmaly. Penjirelere tor tutmaly, çybynlary kowýan zyýansyz
zatlary ulanmaly, egin-eşikler teniň köp bölegini ýapmaly, mör-möjeklere garşy ulanylýan himiki
serişdelerini siňdirilen peşehanalary ulanmaly.
• Keselleri bejermek üçin, adamlara hemaýat berilmeli. Adamlaryň tölemäge ýagdaýlarynyň
ýokdugyna garamazdan, olaryň öz wagtynda we netijeli bejergi alýandyklaryna göz ýetiriň.
• Çybynlaryň köpelýän ýerleri ýok edilmeli. Çeleklerde ýa-da başga uly göwrümli gaplarda
saklanylýan suwlaryň üsti ýapyk bolmaly. Suw kranlary, guýular we kanallar üçin gowy zeýkeş
guruň. Bu çäre ýere dökülýän suwlaryň topraga siňip, ýata suwlaryň emele gelmeginiň öňüni
alar.
• Ýere we suwa gözegçilik edip, çybynlaryň köpelmeginiň öňüni alyň.
Toprakdan peýdalanmagyň usullarynyň birdenkä özgermegi, mysal üçin, köp sanly agaçlaryň
çapylyp aýrylmagy, bentleriň gurulmagy, derýalaryň hanasynyň üýtgemegi ýa-da uly meýdanlarda
ösümlikleriň ýok edilmegi – bularyň hemmesi çybynlaryň köpelmegine ýardam berýär.
Çybynlar zerarly döreýän keseller adatdan daşary ýagdaýlarda, ýagny uruş bolýan halatlarynda,
adamlaryň ondan-oňa göçýän wagtlarynda, tebigy heläkçiliklerde has çalt ýaýraýar. Sebäbi şeýle
ýagdaýlarda öňüni alyş çäreleri berjaý etmek kyn bolýar.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 июня 2019

Çybynlar keseli nähili döredýär Çybynlar esasan-da şu agyr keselleriň: gyzzyrmanyň, denge gyzdyrmasynyň we sary gyzdyrmanyň döremegine sebäp bolýar. Bu keselleriň her biriniň dürli alamatlary bolup, çybynlaryň dürli görnüşleri arkaly ýokuşýar. Bu dürli görnüşleriň öz köpeliş aýratynlyklary bardyr. Gyzzyrma denge gyzdyrmasy –sary gyzdyrma Çybynlar zerarly döreýän keseller dürli bolsa-da, olaryň öňüni alyş çäreleri meňzeşdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06404 sek. ýüklenen baýt: 30927