Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Önümiň hilini ýokarlandyrmak
Ýazylan wagty: 22 июня 2019 Ýazan Mayichka
Önümiň hilini ýokarlandyrmak halk hojalygynyň
ösmeginiň esasy obýektiw talaby bolup durýar. Bu önümiň
ekspordynyň giňeldilmegine ýardam berýär. Önümiň hili
esasynda sarp edijiler ýurdyň tehniki mümkinçiligi we
önümçiligiň gurluşy hakynda subut edýärler. Eksporda gidýän
önümleriň bäsleşige ukyply bolmagy üçin täzeligi,
konstruksiýalaryň we önümçiligiň kämilligi bilen
tapawutlanmaly
Ýokary hilli önüm ýurdyň ykdysady derejesini ykrar
edýär, önümiň hiliniň ýorarlanmagynda standartlaryň uly rol
oýnaýanlygyny görkezýär. Standartlaşdyrmagyň esasy
meselesi kadalaşdyryjy resminamalary düzmekden we önümiň
hiline edilýän talaplary progressiw kesgitlemekden durýar.
Önümiň hilini dolandyrmakda giňden ulanylýan standartlar
ylmy-tehnikanyň ösüşini suratlandyrylýar. Şonuň üçin ýurtda
hil dolandyrmak maksady bilen kärhanalarda we pudaklarda
standartlary. Ornaşdyrylmagy önümiň köpçilikleýin
önümçiliginiň hemme tapgyrlarynyň dowamynda bäsleşige
ukyply önüm öndürmegi üpjin edýär. Bu standartlar ıň täze
tehnikalara we ilsimtlara gönükdirilýär.
Önümiň hilini ýokarlandyrmak dürli pudaklaryň ylmy
barlag guramalaryň ylalaşmak işleri bilen baglanşyklydyr.
Önümiň hilini dolandyrmak önümçilik ulgam bilen baglydyr
we dolandyrmagyň meselesi döreýän brakly önümleriň
sebäbini anyklaýar we şol sebäpleri aradan aýyrýar.
TDS – 15467-79 laýyklykda dolandyrmagyň esasy –
dolandyryjy netijeleriň işlenilmegidir. Önümiň hilini
dolandyrmakda dolandyrmagyň obýekti hökmünde hile täsir
edýän prosesler bolup durýar. Dolandyryjy täsırler
dolandyrylýan prosesiň hakyky ýagdaýýnyň saklanylmagyna ugrukdurylan bolmaly.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 июня 2019

Önümiň hilini dolandyrmak ulgamy önümiň hilini dolandyrmakda ulanylýan informasion we tehniki-material serişdeleriniň kömegi bilen özara ylalaşýandolandyryjy organyň we dolandyrylýan obýektiň özüne düşýän dymmaty. Dolandyrmagyň maksady önümiň hiliniň talap edilýän derejä ýetırılmegi. Önümiň hilini dolandyrmak adamlaryň kollektiwini, tehniki enjamlary, material serişdeleri we köp ınformasiýalary öz içine alýar. Önümiň hilini dolandyrmak hemme funksiýalar üçin umumy bolan dolandyryjy sikliň tipli elementlerini öz içine alýar: guramany işlerini maglumatlaşdyrmak we meýilleşdirmek; sazlamak we koordinirlemek; işjeňleşdirmek we höweslendirmek; barlag, hasap we analiz. Önümiň hilini dolandyrmak ulgamynda dolandyrma prosesleri umumy görnüşde iki topara bölünýär: - Önümçilik ulgamyny has ýokara derejä geçiriji, şol sanda, önümiň hilini we ýokary tehnologiki derejesini döretmek we özleşdirmek - Önümiň hilini meýilleşdirilen derejede çykmagyny üpjin etmek we önümçilik ulgamyny durnukly ýagdaýda saklamak.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,18909 sek. ýüklenen baýt: 31893