Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Amatsyz şertlerde telewizorda gepleşiklere tomaşa edilende
Ýazylan wagty: 22 июня 2019 Ýazan Mayichka
Amatsyz şertlerde telewizorda gepleşiklere tomaşa edilende hem gözleriň ýadawlygyna getirýär. Gündelik görüş işinden
daşary uzak wagtlap ekrana seredilende görüş dartgynlygy emele
gelýär. Köp lukmanlaryň bellemegine görä, görüş işlerinde dowamly dartgynlyk, aýratynam, pes ýagtylykda işlenende şowakörlük ýüze çykýar. Çagalarda bolsa göze düşýän agram ýyl-ýyldan artýar.
3 ýaşly çaga görüş işi bilen günde 1-2 sagat (surat çekmek,
surata seretmek, kino görmek bilen hepdede 17 sagat), 5-6 ýaşly
çaga günde 2-3 sagat (hepdede 21 sagat), kiçi mekdep ýaşly çaga
5-7 sagat (hepdede 30-42 sagat), orta we uly mekdep ýaşyndaky
ýetginjek 8-10 sagat (hepdede 48-60 sagat) meşgullanýar.
Mekdebe çenli döwürde we mekdep ýaşynda şeýle ýagdaý-
da görüş işi dowam etdirilende hepdäniň dowamynda ýeterlik
dartgynlyk emele gelýär. Telewizora uzak seredilmegi hem görüş
bozulmalarynyň ösmegine getirýän sebäpleriň biridir. Telewizor
görlende görüş dartgynlygynyň we ýadawlygynyň öňüni almak
üçin 3 şert örän wajyp. Olar:
1. Tomaşa edýän bilen telewizoryň aralygy.
2. Otagyň ýagtylygy.
3. Ekrandaky şekilleriň hili.
Ekrana has ýakyndan seredýän adamlarda göz ýadawlygynyň we dartgynlygynyň köp ýüze çykýandygyny barlaglar subut
etdi. Çagalar ekrana dürli ýagdaýda tomaşa edýärler. Maşgalada
her adamyň oturyp tomaşa edýän ýeri bolýar. Iň gowusy, kresloda ýa-da oturgyçda oturyp, reňkli ekrana 2-3 metrden, ak-gara ekrana 1-2 metrden tomaşa etmekdir. 5-5,2 metr daşlykdan
tomaşa etmek maslahat berilmeýär. Telewizoryň ekrany oturan
adamyň gözüniň deňinde ýa-da az-kem aşagrakda bolmaly. Eger
okuwçy äýnek dakynýan bolsa, ekrana seredende göze agram
düşmez ýaly ony hökman ulanmalydyr.
Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 июня 2019

Eger gepleşiklere garaňkyda tomaşa edilse, gözleriň duýujylygy güýçlenýär we garaňky otag bilen ekranyň ýagtysynyň düýpli tapawudy netijesinde gözler çalt ýadaýar. Iň gowusy, görüş meý- danyna gabat gelmeýän we ekrandan serpikmez ýaly stol çyralary, ýokardan ýagty berýän çyralary ulanmaly. Gündizlerine ekrana seredilende garaňkyradylmadyk otag amatlydyr. Eger gün şöhlesi ekrana düşse, şekilleriň aýdyňlygy peselýär we gözlere agram salynmagyna getirýär. Görüş ýadawlygynyň öňüni almak üçin ekrandan gözi aýryp, arasynda daş-töwerege seretmek maslahat berilýär. Haçan-da seredilýän şekiller bulaşyk görünse, gözler çalt ýadaýar. Şonuň üçin gepleşik görlüp başlamazdan öňürti ekranyň durulygyny sazlamaly.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06174 sek. ýüklenen baýt: 31997