Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Çagalarda kabul edijiligi we synçylygy ösdürmek
Ýazylan wagty: 22 июня 2019 Ýazan Mayichka
Çagalarda kabul edijiligi we synçylygy ösdürmek
Kiçijik çagada kabul edijilik kämil bolmaýar. Şol döwürde çaga
daşky dünýädäki (özüni gurşap alan) zatlary tutuşlygyna kabul edýär,
haýsydyr bir zadyň (hadysanyň) ownuk taraplaryny görmegi başar­
maýar. Irki çagalykda we mekdebe çenli ýaşly çaga predmetler bilen
iş salşanda, olary eline alyp görýär. Çagalaryň synçylygy oýun işinde
terbiýelenýär. Olaryň synçylygyny ösdürmek üçin ýöriteleşdirilen
oýunlaryň ähmiýeti uludyr, sebäbi şeýle oýunlarda çagalar haýsydyr bir zadyň ownuk, göze az ilýän taraplaryny görmegi başarýar,
şeýle hem deňeşdirmek arkaly oýunda ýüze çykýan meňzeşlikleri we
aýratynlyklary tapawutlandyrmak üçin şert döreýär.
Çaganyň mekdebe gelmegi bilen onuň synçylygy yzygiderli
ösüp başlaýar.
1-nji we 2-nji synpyň okuwçylarynyň kabul edijiligi bilen mek­
debe çenli döwrüň uly ýaşly toparynyň çagalarynyň kabul edijiliginde
birnäçe meňzeşlikleri görmek boýar. Agzalýan synplaryň okuwçylary
diňe göze ilýän zatlary, predmetleriň we hadysalaryň gaty bir görünmeýän taraplaryny kabul edýärler. 1-nji synpyň okuwçylary tomzagyň
görkezme esbapda görkezilişine syn edenlerinde, tomzagyň gurluşy­
na üns bermän, onuň bir zadyň üstünde oturandygyny, onuň arkasynda temençäniň bardygyny, tomzagyň oturan gutusynda ýelimiň
dökülendigini we ş.m. zatlary görmegi başarypdyrlar. 1-nji synpyň
okuwçylary özbaşdak işlerde hadysalary synlanlarynda bulam-bujar
seljerýärler, tertipli, yzygiderli synlamagy başarmaýarlar, göze ilýän
zat bilen göze ilmeýänini tapawutlandyryp bilmeýärler, başlan işini
synlap gutarmanka, başga birini synlamaga geçip bilýärler.
Psihologlar kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň haýsydyr bir me­
hanizmi ýygnamak işinde özüni alyp baryşlaryna gözegçilik edenlerinde, 1-nji synpyň okuwçylarynyň mehanizmi ýygnamak üçin gabat
gelen detallary ellerine alyp, bulam-bujar edip, ýygnandyklaryny
görüpdirler. Bu okuwçy yzygider ýygnamagy esasy zat hasaplama­
ýar, ol diňe detallary nähili bolsa-da birikdirmegi zerur diýip hasap
edýär
Okalan sany: 78   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
22 июня 2019

Ekskursiýalary, gezelençleri guramak, muzeýlere we sergilere barmak arkaly okuwçylaryň wakalary we hadysalary tapawutlandy­ ryp bilmek ukyplaryny ösdürip bolýandygyny göz öňünde tutup, mu­ gallym okuwçylarda şol obýektleriň, hadysalaryň umumy we aýryaýry häsiýetlerini ýüze çykaryp, olary deňeşdirip bilmeklerini we ş.m. gazanyp biler.

Mayichka
22 июня 2019

Görkezme esbaplar ulanylanda, şol esbabyň okuwçylar tarapyn­ dan yzygider syn edilmegini, onuň öwretjek bolýan esasy hem-de ikinji derejeli taraplarynyň ýüze çykarylmagyny gazanmaly. Okuwçy okuw materialyny nädogry kabul edende, mugallym kabul edijilige nämeleriň päsgel berýändigini anyklamalydyr. Howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, ösümlikleriň ösüşine, haýwanlaryň özlerini alyp baryşlaryna syn etmek ýaly işler okuwçy­ laryň synçylygyny artdyrmaga uly ýardam edýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09866 sek. ýüklenen baýt: 32524