Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Germetikleriň ikinji nesli
Ýazylan wagty: 04 июля 2019 Ýazan Mayichka
Germetikleriň II nesli düzümi boýunça has kämil hasaplanylypdyr. Silantlar esasan ultro-melewşe şöhlelenmesiz ýa-da himiki taýdan gataýan bolupdyr. Iki sany has giňişleýin we üstünlikli ulanylýan özünden gataýan germetikler şular: Concise White Sealant System (3M, USA) we Delton (Johnson Johnson Dental Products). Özi gataýan şepbikleriň (smol) aglabasy doldurylmadykdyr, ýöne düzüminde ak pigmentiň ýa-da reňkiň goşulmagy netijseinde olar aňyrsy görünýän, reňklenen ýa-da aňyrsy görünmeýän görnüşlerde bolup bilerler. Emma doldurylan germetikler doldurylmadyklara seredende ulanylmaklyga we sürtülmelere durnukly bolýar we şol bir wagtyň özünde doldurylmadyk germetikler ýaly retensiýanyň güýjüni we wagtyny özünde saklaýar. Doldurylan germetikleriň diňe golaýda hödürlenendigi sebäpli olar baradaky kliniki masglumatlar doldurylmadyklara seredende has bärden gaýdýar (mysal üçin, Niva Cote).
Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
04 июля 2019

Germetikleriň III nesli 430-409 nm tolkun çyzygy bilen görünýän ýagtylygyň täsiri astyndaky bolup geçýän materiallardyr. Bu materiallar, ýokarda bellenişi ýaly, doldurylan ýa-da doldurylmadyk, reňkli we reňksiz, aňyrsy görünýän ýa-da görünmeýän görnüşlere bölünendir. Doldurylmadyk şepbikleriň aglabasy reňkli bolýar, doldurylmadyklar ýa-ha aňyrsy görünýän (Statuw Aromor 2), sary-ak (Prisma Shield, Gissurit, Helioseal, Fissurit F), ýa-da çypar-mele (Estiseal LC) bolup bilýär. Höwesleniş tizliginiň (retensiýanyň) hemmesinde diýen ýaly birmeňzeşligi sebäpli, sürtülmeklige durnuklylygy üçin doldurylan germetikleri ulanmaklyk ileri tutulýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12755 sek. ýüklenen baýt: 30387