Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyz boşlugynyň professional gigiýenasy
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Agyz boşlugynyň professional gigiýenasy
Agyz boşlugyna seredilende (ideg edilende) her dürli serişdeleri her dürli usullar bilen ulanmaklyk agyz boşlugynyň arassaçylygy we stomatologiki keselleriň öňüni alyş ýaly çylşyrymly meseläni çözüp bilmeýär. Mundan bolsa ideal şertlerde her bir adam diş galyndylaryny yzygiderli professional aýrylmagynda, esasy bejergini geçen näsaglar bolsa gigiýeniki arassalaýşa bejergi işlerini bilelikde geçirilmegine mätäçlik çekýänligi gelip çykýar. Şeýle-de diş galyndylaryny aýyrmak parodont we ABNB keselleriniň komleks bejergisinde başlangyç tapgyr bolup durýar.
Agyz boşlugynyň professional gigiýenasy stomatolog lukmanyň diş galyndylaryny, diş daşlaryny aýyrmagyndan, dişleri we petikleýjileri ýylmamakdan, näsaga gigiýeniki serişdeleri dogry ulanmaklygy öwretmekden durýar. Stomatologyň esasy meselesi kariýes we parodont keselleň öňüni almaga ýeterlik bolan agyz boşlugynyň gigiýenasyny näsaga düşündirmek.
Agyz boşlugynyň gigiýenasy çaganyň hususy aýratynlyklaryna görä näçe tapgyrda geçirilmelidigi lukman tarapyndan bellenýär.
Birinji seredişde agyz boşlugynyň gözden geçirilişi, dişleriň we diş etiniň hasaba alnyşy amala aşyrylýar.
Näsaga diş kesmeginiň we diş keselleriniň arasyndaky arabaglanyşyk düşündirilýär, aýnaň öňünde we gurallaryň kömegi bilen dişiniň ýüzündäki diş kesmegi görkezilýär, diş şýotkalaň, dişara arassalaýjylaryň, diş hamyrlaryň saýlanyşyna, dişlere ideg edilişine (wagty, dowamlylygy, ýygylygy) dogry maslahatlar berilýär.
Ikinji seredişde fantomlarda dişleriň dogry ýuwulyşyny, diş çotkalaryň hereketi görkezilýär. Agyz boşluk gigiýenasynyň adekwat usuly saýlanylýar.
Soňra näsag dişiniň ýuwulyşyny aýnanyň öňünde görkezýär. Eger gerek bolsa lukman näsagyň ýalňyşyny düzedýär.
Üçünji seredişde dişler reňkleýji ergin bilen reňklenýär.
Okalan sany: 80   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Üçünji seredişde dişler reňkleýji ergin bilen reňklenýär. Çaga dişiniň ýuwluşyny we beýleki arassalaýjy usullary görkezýär. Dördünji we beýleki seredişlerde 14, 30 we 60 günden lukman näsagyň agzynyň gigiýenasyna gözegçilik edýär we maslahatlar berýär. Petikleýjileriň ýylmanyşy Petikleýjiň ýylmanyşy diňe bir estetiki taýdan hökmany däldir. Eýsem gowy ýylmaman petikde diş kesmeginiň, iýmit galyndylaryň ýygnanmasy bolmaýar. Ýylmanmadyk petigiň ýüzündäki diş kesmegi parodont üçin uly zyýan bolup durýar. Petigi ýylmamak üçin 2 topar serişdeler ulanylýar: tekizleýji (şleýfleýän) we ýylmaýjy (polirleýän). Petik näçe gowy şekil berilen bolsa, şonça-da ol tekizlenmäni az talap edýär. Petik goýmagyň soňky tapgyry ýylmamak bolup durýar. Bu maksat bilen aýlanýan gurallar we ýörite hamyrlar ulanylýar. Ýylmamagyň we tekizlemegiň esasy şerti aýlanýan gurallar bilen petigiň üstüne basyş etmän işlemek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05252 sek. ýüklenen baýt: 32342