Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kinezoterapiýa ylmy
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Kinezoterapiýa ylmy öz gezeginde psihologiki täsirinde näsaglara agyryny aýyrmagyň we ondan goranmagyň tebigy sagaldyş ýollaryny maslahat berýär. Gorky duýgylarynyň içinde ilkinji nobatda agyry duýgusyndan çekinilýär. Köplenç agyry sebäpli “tiz lukmançylyk kömegi” çagyrylýar ýa-da dermanhana ylganylýar. Häzirki zamanda agyry aýryjy, gaýnaglama garşy dermanlar her maşgalaň “öý dermanhanasynda” ymykly orun aldy diýsek ýalňyşmarys. Onuň üstesine dünýäniň derman senagatynyň her ýylda täze öndürýän “öwgüli” dermanlary gitdigiçe artyp, gündelik durmuşymyza ornaşyp barýar. Lukmanlaryň hem öz gezeginde näsaglara ýazyp beren dermannamasyna seredeniňde anyk 1-2 dermana derek, 5-10, hat-da ondan hem köp sanawa gözüň düşýär. Köpsanly dermany birbada bellänimiz bilen, birgiden gowy täsiri şolbada gazanyp bilmeýäris. Diňe saýlanan dermanyň esasy täsiri bize haýyr getirip biler. Iň esasy hem biz tebigy usuly ulanyp, agyrylary aýyrmaga çalyşsak bedenimizi gaýra üzülmelerden, allergiýa ýaly nogsanlykdan gorarys.
Durmuşda köp duş gelýän agyrylaryň biri – bil agyrsydyr. Aýratynam ol hereket edende güýçlenýär we gorky döredýär. Netijede hassalar guşak guşanyp, korset geýip ondan goranýarlar. Sebäbi biz ýaşlykdan bil oňurga sütünizmizi aýap, terbiýeläp saklamaýarys. Çünki bil oňurga diňe bedeniň durkuny göteriji sütün bolmak bilen çäklenmän, onda myşsalar, nerwler, damarlar, birleşdiriji bagjyklar we disk eriş-argaç gatnaşykdadyr. Beden myşsalary adamyň hereketini sazlaýjy bolup hyzmat edýär, Egerde adam öz myşsalaryny yzygiderli türgenleşdirmese, ýagny kineziterapiýa bilen meşgul bolmasa, olar atrofirleýär-inçelýär, göwrümi kiçelýär, degişlilikde ol ýerden geçýän nerw süýümi, damarlar hem gysylýar, agyry döreýär.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Agyry – şikesiň (trawmanyň), gypjynmanyň, zeperlenmäniň we keseliň esasy alamatydyr. Ol şeýle-de gaýnaglamanyň Müsür - Arap, Hindi – Hytaý we Gündogaryň alymlary öz döwründe Belladonnaň nastoýkasyny, selmelegi (mandragorany), etil spirtini ulanmak bilen agyryny aýrypdyrlar. Köp sanly adamlarda agyrydan gorky duýgysy, esasanam fiziki ýüklenmeden we sowuk suwy ulanmakdan, infarktdyr-insult ýaly keseller bilen kesellemekden howatyry bolýar. Esasan durmuş şerti bilen bagly – häsiýet, terbiýe, lukmançylyk maslahatlar bilen agyryny ötüşdirmezlik ündelýär. Agyryny soňky döwürlerde kinezoterapiýa bilen ýeňmek göz öňünde tutulýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,21016 sek. ýüklenen baýt: 31249