Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kibernetikada
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Kibernetikada (dolandyryş baradaky ylym) informasiýa düşünjesi çylşyrymly sistemalardaky (janly organizmlerde, tehniki gurluşlarda) dolandyryş prosesleri bilen baglanşyklydyr. Bu çylşyrymly ulgamlarda dolandyryş prosesi informasiýany kabul etmegi, saklamagy, özgertmegi we aralyga bermegi öz içine alýar.
Adamyň informasiýa kabul ediş usuly boýunça informasiýanyň şu görnüşleri bardyr:
tekst, sanly, grafik, tablisa we ş.m.;
ylmy , durmuş, syýasy, ykdysady, dini we ş.m.;
gündelik, önümçilik, tehniki , dolandyryş;
görmek, ses, ys alyş, tagam biliş;
matematiki, biologiki, lukmançylyk, psihologiki we ş.m.
Işiň hakyky ýagdaýyny görkezýän informasiýanyň, kesgitli häsiýetleri bolmalydyr.
Informasiýa peýdaly bolmaly, şu ýagdaýda informasiýanyň amaly gymmaty bardyr.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adamzat jemgyýetinde uly orun tutýar. Olardaky informasiýalar dogry we döwrebap bolmaly. Nädogry informasiýa jemgyýetiň agzalaryny ýalňyşdyryp, maksada laýyk bolmadyk netijelere getirip biler.
Döwrebap däl informasiýanyň peýdasy azdyr, mysal üçin, bilesigelijilerden we taryhçylardan başgalaryň geçen ýyllardaky gazet-žurnallary okamazlyklary mümkindir.
Adamyň özüni gurşap alan dünýäde dogry özüni alyp barmagy üçin, onuň alýan informasiýasy doly we anyk bolmalydyr. Ylmyň öňünde doly we anyk informasiýany almak meselesi durýar.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Biologiýada informasiýa düşünjesi, janly organizmleriň özlerini maksadalaýyk alyp baryşlary bilen baglanyşykly. Organizmleriň şunuň ýaly özlerini alyp baryşy daşky gurşaw barada alýan informasiýalaryna we olaryň ulanylyşyna baglydyr. Biologiýada informasiýa düşünjesi nesle geçijiligiň mehanizmlerini derňemek bilen baglanşykda ulanylýarlar. Genetiki informasiýa nesil yzarlamak boýunça geçirilýär we janly organizmleriň hemme öýjüklerinde saklanýar. Genler - janly organizmleriň gurluşlary barada informasiýa saklaýan çylşyrymly molekulýar gurluşlardyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10483 sek. ýüklenen baýt: 31039