Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Senagatlaşan jemgyýet barada
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Senagatlaşan jemgyýet. XVII asyrdan başlap önümçiligi maşynlaşdyrmak adamzadyň esasy işjeňligi boldy.Ilki bilen ýeliň we suwuň energiýasy (suw, ýel harazlary) döredilip başlan bolsa XVIII asyryň ortasynda bug maşynlary oýlanyp tapyldy, XIX asyryň soňunda maşynlarda ulanylýan motorlar oýlanyp tapylyp, adamzadyň öňümçiligine we durmuşyna ornaşdyrylyp başlandy. XIX asyrda elektrik energiýa eýe bolmak bilen elektrogeneratorlar hem-de elektrodwigateller oýlanyp tapyldy. XX asyryň ortalaryndan başlap atom elektrik stansiýalary köpçülikleýin işe girizilip başlandy.
Adamzadyň energiýa eýe bolmagy isleg bildirilýän harytlary maşynlaşan önümçilikde köpçülikleýin öndürülip başlanmagyna getirdi. Adamzadyň energiýany ele almak göreşi döwründe informasiýlary ýatda saklamakda we ibermekde düpgöter üýtgeşmeler bolup geçdi. Adamzadyň ýazuwly taryhynda informasiýalar daşa-kerpije ýazylan bolsa, kagyzyň oýlanyp tapylmagy, onuň esasy informasiýa göteriji bolmagyna alyp geldi we şu gün hem şeýle bolmagynda galýar. Gündogrda informasiýalar gol bilen kagyza geçirilip dikilip kitap görnüşinde ýatda saklanypdyr. XV ýylda kitap çap etmek işiniň oýlanyp tapylmagy bilen özünde ynsanlar üçin informasiýa saklaýan kitaplary köpçülige elýeter etmek işiniň başy başlanýar. XIX asyryň soňunda telegrafyň we telefonyň oýlanyp tapylmagy informasiýalary uzak aralyga berilmek we kabul etmek ýola goýuldy. XX asyrda elektromagnit tolkunlarynyň ýaýramagyna esaslanýan radionyň we telewideniýeniň adamzada elýeter edilmegi bilen informasiýalaryň ýer togalagynyň ähli yklymlaryndaky ähli ynsanlara elýeter bolmagyna, admzadyň ýaşaýyş medeniýetine öwrüldi.
Okalan sany: 44   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Kompýuterleriň öndürülişi. Berlen programma boýunça uly möçberli informasiýalar işläp taýýarlaýan ilkinji elektron hasaplaýyş maşynlary (EXM) 1946-njy ýylda ABŞ-da öndürilip başlandy. XX asyryň 40-60-njy ýyllarynda önürülen EXM-leriň möçberi uly, bahasy gymmat, olaryň her biri bir sany, 10 sany, has gowulary ýüze ýakyn öndürildi. Sonuň üçin hem olar köpçülige elýeter däldi. XX asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalaryna köpçülükleýin öndürülip, elýeter bahadan teklip edilýän personal kompýuterler, önümçilikde we dolandyryşda uly özgerişliklere alyp geldi. 80-nji ýyllardan başlap, standart hökmünde köpcülikleýin öndürlip başlanan “IBM Personal Computer” ähli personal kompýuter öndürijilere nusga boldy. Olaryň öndürlişi ýylda ilki ýüz müňlerçe bolan bolsa şu ýyllar ýüzlerçe millonlara baryp ýetýär. Personal kompýuterleriň her ýyl kuwwatynyň artmagy bilen onuň satylyş nyrhy peselýär, netijede her bir iş ýere we maşgala personal kompýuter elýeter ýagdaýa öwrüldi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05863 sek. ýüklenen baýt: 32127