Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kompýuter tory
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Kompýuter tory.
Häzirki wagtda personal kompýuterler özbaşdak işledilmän köpçülikleýin kompýuter torlara birikdirilip ulanylyp başlandy, bu bolsa jemgyýeti informatizasiýalaşdyrmagyň ugruna öwrüldi. Kompýuter torlaryna, informasiýalar tory hem diýilýär, olara girmek bilen adamzadyň öz taryhy ösüşinde toplan informasiýalarynyň yklymlaryň nirede ýerleşendigine garamazdan kompýuteri ulanyja elýeter boldy. Elektron poçta, Telekonferensiýa, WWW-de informasiýalaryň gözlegi, interaktiw söhbetdeşlik, radioýaýlymlary diňlemek, telewizion programmalary görmek, Internet-magazinlerde söwda etmek bu günki-gün ösen ýurtlarda ynsanlaryň adaty ýagdaýydyr. Global kompýuter torlarynyň ösüşi XX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy. 1981-nji ýylda Internet torda 213 kompýuter bolan bolsa XXI asyryň ilkinji ýyllarynda millarda ýakynlaşdy. Internetdäki serwerleriň sany ýüzlerçe milliona baryp ýetdi.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Informasiýa sferada ilatyň işliligi. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä işleýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Kompýuterler hem-de informasiýa tehnologiýalary maddy önümçilik sferasyna ýeke bir aralaşmak bilen çäklenmän, olary dolandyryp hem başlady. Tutuş awtomatlaşdyrylan önümçilik, çeýe önümçilik sistemasy, robotlaşdyrylan önümçilik ulgamlary ösen ykdysadyýetiň nyşanlarydyr. Kommunikasiýa tehnologiýalaryň we öýjükli aragatnaşyklaryň ösmegi ynsanyň öýünde, yklymlaryň islendik künjeginde berlen ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredi hem-de Internet arkaly iş tapmak adata öwrülip başlandy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05655 sek. ýüklenen baýt: 30351