Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ykdysady informasiýalar
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Ykdysady informasiýalar her hili informasiýa göterijilerde ýerleşdirilýär: blankalarda, magnitli informasiýa göterijilerde, kompýuteriň ýadynda.Blankalarda informasiýalar ýerleşdirilende şu düzüm birlikler bölüşdürilýär: ýeri (pozisiýa), ýazgy, setir, grafasy, resminamanyň zolagy, resminama, resminamalar toplumy.
Informasiýalar lentaly magnitli informasiýa göterijilerde ýerleşdirilende aşakdaky birlikleriň düzümi bölüşdirilýär: bit, baýt, ýazgy, ýodajyk, zolak, tom.
Informasiýalar diskli magnitli informasiýa göterijilerde ýerleşdirilende aşakdaky birlikleriň düzümi bölüşdirilýär: bit, baýt, blok, sektor, ýodajyk, slindr,tom, paket.
Maglumatlaryň dinamiki düzümi (nobatlar we stekler) – ol informasion elementleriň köplügüniň tertipleşdirmesidir. Elementleriň goşulmasy tertipleşdirilen köplügiň soňundan amal edilýär. Işlenip taýyarlamagyň nobatynda birinji element elýeter, stekde bolsa iň soňky element elýeterdir.
Islendik dolandyryş ulgam iki sany uly bölekden ybaratdyr: dolandyrýan kiçi ulgam (dolandyryş obýekti).
Ykdysady informasion ulgam edýän işiniň derejesi boýunça aşakdakylara bölünýär:
-Umumy dolandyryş;
-ýöriteleşdirilen;
-uýgunlaşan uniwersal.
Ykdysady informasio ulgam awtomatlaşdyryş derejesi boýunça aşakdakylara bölünýär:
-informasion dolandyryş;
-Informasion maslahat beriji;
-informasion anyklama.
Guramaçylyk-ykdysady dolandyryş ulgamlarda dolandyryş funksiýalar aşakdaky nyşanlar boýunça bölüşdirilýär:
Dolandyryş döwürler(tapgyrlar);
Önümçilik-hojalyk işleriniň görnüşleri;
Dolandyryş ierarhiýasy (derejeleri).
Ofisde (edarada) kompýuter we guramaçylyk tehnikalarynyň ulanylyşy birnäçe tapgyrlary geçdi:
1.Adaty ofis: uly bolmadyk kollektiw giň borçlary bilen bolan adamlar.
2.Onümçilik ofisi:
3.Elektron ofis.
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Informasion akym - ol informasion massiwleriň toplumydyr, şol sanda dinamiki häsiýetli resminamalaryň toplumydyr. Informasion baza - ol informasion massiwleriň iň uly düzüm birligidir, oňa hakyky ykdysady obýektlerdäki ähli informasiýalaryň toplumy girizilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07175 sek. ýüklenen baýt: 31152