Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Çybynlaryň köpelmeginiň öňüni almak
Ýazylan wagty: 07 июля 2019 Ýazan Mayichka
Çybynlaryň köpelmeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän çärelerde ulanylýan beýleki usullar:
• Çybynlar bilen iýmitlenýän balyklary köpeltmek. Merkezi
amerikan balygy, Günorta amerikan guppisi, Afrikan
tilapiýasy, karpy we beýleki balyklary çybynlaryň
köpelmeginiň öňüni almakda ulanyp bolar. Bu
balyklar dürli ýerlerde dürli-dürli atlandyrylýar,
ýöne adatça olar il arasynda “çybyn balyklary”
diýip atlandyrylýar.
• Suwuň akyp durandygyna we meýdanlaryň
zeýkeşiniň maksada laýyk işleýändigine göz
ýetiriň. Bu tebigy suw akymlarynyň dikeldilip, suwuň
akmagyna ýol berer. Suwlar ulanylmaýan suwaryş
garymlaryny we howdanlary doldurar.
• Baglar ekiň. Şonda çybynlary iýýän guşlar,
ýarganatlar we beýleki tebigy kömekçiler şol ýerde
mesgen tutup, çybynlary ýok ederler. Afrikada we
Hindistanda ösýän margoza agajy çybynlary golaýlaşdyrmaýar,
ýapraklary bolsa derman hökmünde peýdalanylýar.
Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 июля 2019

Insektisidlerden peýdalanmak Çybynlaryň möwsümleýin köpelýän ýerlerinde olary insektisidleriň kömegi bilen çalt öldürip bolar. Öň DDT pestisidi gyzzyrma çybynyna garşy giňden ulanylyp, çybynlaryň köpelýän ojagynyň üstüne sepilýärdi. Ýöne DDT adamlar we mal-garalar üçin zyýanlydyr. Ol rak (düwnük) keseline we dogabitdi kemçilige sebäp bolup bilýär (16-njy baba ser.). DDT howanyň we suwuň üsti bilen uzak aralyklary geçip, daşky gurşawda köp ýyllap saklanýar. Wagtyň geçmegi bilen olar has-da howply bolýar. Şonuň üçin-de, köp ýurtlar häzirki wagtda gowşak zäherli insektisidlerden peýdalanýarlar. Insektisidiň piretrin atly görnüşi adamlara, mal-gara we topraga az wagtlyk zyýan ýetirýär. Piretrin DDT we malationdan (pestisidiň zyýanly görnüşi) tapawutlylykda, bellenilen meýdan ölçegine has az mukdarda sepilýär. Piretrin daşky gurşawda toplanmaýar. Emma ol zäherli bolany üçin, ondan peýdalanýan adamlar seresaplylyk çärelerini görmelidirler. Piretrin deriniň we gözüň gyjynmagyna, örgün örmegine we dem alşyň kynlaşmagyna getirýär. Çagalar, göwreli we emdirýän aýallar insektisidiň bu görnüşine galtaşmakdan gaça durmalydyrlar. Piretrin suwa düşende, ony zäherläp bilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05710 sek. ýüklenen baýt: 31371