Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagy
Ýazylan wagty: 10 июля 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
 
Salgysy:
г.Ашхабад, ул. Огузхана, 13. Telefon belgiňiz: 49-35-86, 49-44-21

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri):

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; programma inženerligi; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi).

2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: maglumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy).

3. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri; radioelektron ulgamlary we toplumlary; infokommunikasiýa tehnologiýalary; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary).

4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).

5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).

6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; logistika; biznes-informatika).

Bakalawrlary taýýarlamagyň ugry:

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: amaly informatika).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 24-25-i, 28-i we 30-y günleri

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 26-27-si, 29-y we 31-i günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-9-y, 11-i we 13-i günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 14-i günleri.

Giriş synaglary ähli ugurlar boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13, tel.: 49-35-86, 49-44-21.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06107 sek. ýüklenen baýt: 40741