Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“Keramata garaşan” rowaýat
Ýazylan wagty: 10 июля 2019 Ýazan Mayichka
“Keramata garaşan” rowaýat
Bir günden bir gün Hezreti Aly Düldül atyny münüp gelýärkä,geň ahwalat bolýar.Hydyr ata,megerem ýa-da bir perişde öňünden çykýarda:
—Me, şu bir gysym uny eşrepi ýaly et-de, öýüňe elt. Şundan köpem däl, azam däl, gös-göni bir tegelejik köke çykar. Şony iýseň, ýerden gögeren ot-çöpüň diline düşünýän kişi bolarsyň. Onsoň seniň güýjüň,keramatyň häzirkidenem iki-üç esse zyýat bolar, enşalla- diýip, gözden gaýyp bolýar.
Düldüli debsilän Hezreti Aly öýüne howlugyberýär.Gelşine-de, hatyny Patmanyň eline ýaňky bir gysym uny tutdurýar.
— Şundan derhal nan ýap. Men öte ýadadym, gözümiň ukusyny alaýyn. Bişdigi turuzgyn!
Patma gyzan tamdyra ýaňky undan edilen hamyry ýapýar welin, duranok diýýär. Küle gaçan hamyry üfläp, kakyp ýene tamdyra ýapýar welin, ýene-de duranokmyş.Üç-dört mertebe şeýdensoň, Patmanyň halys janyna degen.
“Gel beýdip özümi örtäp, janymy ýakyp durmaýyn. Barybir, ýarysy hamyr, ýarysy kül kökäni Ala bersem olam “Ýagşam bir nan ýapypsyň” diýip käýär” diýip, Hasanyň, Hüseýniň ejesi Patma içini gepledýär. Soňra ýaňkyja kökäni tamdyryň gapdalyna oklap goýberýär. Derrew ak undan hamyr edäge-de, bir köke ýasap bişirip goýýar. Şol wagt Hekim gapdaldan geçip barýan eken. Mal yzynda gezip, içi syrylan oglan dessine entek gyzgyny sowamadyk küle gaçan şol kökäni tamdyryň gapdalyndan alýar-da, lak-luk atýar. Ertesi säher bilen Hekim goýunlary örä çykarýar welin, öz gulaklaryna ynanmaýar.Asyl, gögerip oturan haýsy otuň deňinden geçse, “Men pylan derdiň dermanydyryn” diýip sesleniberipdir.
Keramata garaşýan Hezreti Aly hem ertesi ir bilen meýdana çykan. Ýöne öňki-öňkülikmiş. Asyl, gulagyna eşidilýän, gözüne del-dül bolup ilýän “täzelik” ýokmuş.
Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
10 июля 2019

Bir nädürslügiň bolanyny, özem hikmetiň şo bir gysym undadygyny magat bilýän Hezreti Aly at derledip Patmanyň ýanyna gelýär. —Rastyňy sözle! Düýnki bişiren kökäň meniň saňa zynharlap tabşyran unumdanmydy?! — Günämi geç, hojaýyn.Ol unuň hamyry eger-eger tamdyrda durmady, hut özsüz bir zat, küle gaçyp, mylkyldap ýatansoň, ony tamdyryň gapdalynda goýup, özümdäki undan köke bişirdim. Şo kökäni kim iýdi onsoň? Goýunlary ýatagy gaban Hekim çopan görüpdi şony, şol iýendir. —Eý, Taňrym, “Çeýejegiň gumana,ýuwdanyň özüňki” diýleni çyn ekeni. Ine, şondan soň ýaňky Hekim çopan ot-çöpden derman däri,melhem, ýapgy ýasaberensoň, isminiň öňüne Lukman ady berilýär-de,il içinde Lukman Hekim bolýar gidiberýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07244 sek. ýüklenen baýt: 31909