Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Barokko döwründe nemes edebiýaty
Ýazylan wagty: 10 июля 2019 Ýazan Mayichka
Barokko döwründe nemes edebiýaty
Ba­rok­ko Ýew­ro­pa­da XVI-XVIII asyr­lar ara­lygyn­da ýaý­ran sun­ga­tyň bir gör­nü­şi­dir. XVII asyrda ne­mes ede­bi­ýa­ty mow­zuk hem ga­lyp ba­bat­da
öz ýo­lu­ny tap­man kö­sen­ýär. Bu ba­bat­da Ba­rok­ko
döw­rü­niň ne­mes ede­bi­ýat­çy­la­ry uly iş­ler bi­tir­
ýär­ler. Olar ne­mes di­li­niň ede­bi di­liň öl­çeg­le­ri­ne
ga­bat gel­me­gi, beý­le­ki halk­la­ryň ede­bi­ýa­ty­na öý­
kün­mez­den ha­ky­ky mil­li ruh­ly eser­le­riň döremegi üçin uly zäh­met çek­ýär­ler.
Ba­rok­ko döw­rü­niň goş­gu­la­ry ynan­jyň we çä­resiz­li­giň, ma­te­ria­liz­miň we yla­hy­ly­gyň, haýryň we
şeriň ara­syn­da mä­ki ýa­sa­ýar. And­re­as Gri­f­us Barok­ko döw­rü­niň iň be­ýik li­rik şa­hy­ry ha­sap­lan­ýar.
XVIII asy­ryň ahy­ry bi­len XIX asy­ryň baş­la­ryny öz içi­ne al­ýan dö­wür ne­mes­ler­de «Alymlaryň
zamanasy» –– nemes edebiýatynyň ikinji altyn
döwri ha­sap­lan­ýar. Wolf­gang Ama­deý Mo­sart
we Lýud­wig wan Bet­ho­wen ýa­ly kom­po­zi­tor­lar,
Im­ma­nu­el Kant we Georg Wil­helm Frid­rih Ge­gel
ýa­ly pel­se­pe­çi­ler ne­mes sun­ga­ty­na bi­möç­ber go­
şant goş­ýar­lar.
Täzeden ösüş döwründe ne­mes ýa­zy­jy­la­ry
«Ha­ky­ka­ta bar­ma­gyň iň yg­ty­bar­ly ýo­ly se­bäp­le­ri
çuň­ňur öw­ren­mek­dir» di­ýen ga­raý­şa gul­luk edipdir­ler. Bu ga­raý­şyň öm­ri Ger­ma­ni­ýa­da, Fran­si­ýa
bi­len Ang­li­ýa ga­ra­nyň­da, has gys­ga bol­dy (XVIII
asyryň or­ta­la­ry­na çen­li).
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
10 июля 2019

Ger­ma­ni­ýa­nyň ady bel­li ede­bi­ýat tan­kyt­çy­la­rynyň il­kin­ji­si Got­hold Ef­ra­im Les­sing XVIII asy­ryň ahyr­la­ryn­da çalt dep­gin­de ösüp baş­lan ne­mes mil­li ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryň bi­ri­dir. Les­sing iň­lis dra­ma­tur­gy Wil­ýam Şeks­pi­riň sah­na oýun­lary­ny nus­ga edi­nip, milli sah­na oýun­la­ry­ny ýaz­dy. Frid­rih Şil­ler we Io­gann Wolf­gang fon Gýo­te nemes pre­ro­man­tiz­miniň esa­sy iki dra­ma­tur­gy­dyr. Şil­le­r äh­li ro­man­la­ryn­da jem­gy­ýe­ti ez­ýän ka­nunla­ry, zu­lum­la­ry we sy­ýa­sy göý­dük­li­gi ýaz­gar­ ýar. «Söý­gi we hö­wes» (1784ý.), «Don Kar­los» (1787ý.) ro­man­la­ry hem şu mow­zuk­da ýa­zy­lan­dyr. Gýo­täniň il­kin­ji gus­sa­ly ro­ma­ny «Aşyk Wer­teriň has­rat­la­ry» bü­tin Ýew­ro­pa­ny ler­za­na ge­tir­di. Ro­man, Wer­te­riň bir aýa­la ýa­zan gus­sa­ly söý­gi hat­la­ryn­dan dur­ýar. Bu aky­myň pel­se­pe­wi yl­ham çeş­me­si, Gýo­tä­ niň ha­ly­pa­sy meş­hur pel­se­pe­çi hem ta­ryh­çy Iogann Gotf­rid Her­der­dir. Ger­der ne­mes ýa­zy­jyla­ry­ny ga­dy­my grek tra­ge­di­ýa­la­ry­na öý­kün­ýän fran­suz ne­ok­la­sist­le­ri­niň tä­si­rin­den çy­kar­ma­ga ça­lyş­dy. Gýo­te, Şil­ler we Ger­ma­ni­ýa­nyň iň be­ýik li­rik şa­hy­ry Io­gann Hris­ti­an Frid­rih Gýol­der­lin ne­mes klas­si­siz­mi­niň ker­wen­ba­şy­la­ry­dyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06858 sek. ýüklenen baýt: 33304