Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !

NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Suw toplaýjy çäkleri goramagyň bähbitleri
Ýazylan wagty: 10 июля 2019 Ýazan Mayichka
Suw toplaýjy çäkleri goramagyň bähbitleri
Suw toplaýjy çäkleriň goralmagyna şular
girýär:
• ýer bilen bagly jedelleri çözmek;
• kesgitli araçäkleriň geçirmek;
• suw akymy boýunça meýilnamalar düzmek;
• ýerden we suwdan peýdalanmak
barada goňşular arasynda ylalaşyklaryň
baglanyşylmagy;
• geçirilmeli işler üçin zerur bolan resurslary
bilelikde toplamak we peýdalanmak.
Käbir jemgyýetlerde şeýle taslamalary durmuşa
geçirmek aňsat däl. Ýerli we sebit hökümetleri
jedelleri çözmäge gatnaşyp bilýärler, ýöne bu
käwagt şowly, käwagt bolsa şowsuz tamamlanýar. Emma adamlar suw toplaýjy çäkleri goramakda
agzybir işleseler, suwuň bol bolmagyny üpjün ederler.
Suw ýetmezçiligi dawa-jedelleri döredýär ýa-da ýitileşdirýär. Suwuň bol bolmagy adamlaryň
özara gatnaşyklaryny gowulandyrýar, ilatyň saglygyny hem goraýar.
Suw toplaýjy çäkleri goramagyň käbir artykmaçlyklary şulardan ybarat:
• guýularda we çeşmelerde arassa suw köpelýär;
• guraklyk döwründe hem hasyl oňat bolýar;
• mallar has gurat bolýar.
Suw bol bolanda, hasyllylyk hem artýar. Adamlaryň girdejileri ýokarlanýar.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
10 июля 2019

Suw toplaýjy çäkleri zaýalaman, olaryň adam saglygy üçin şu gün we gelejekde howpsuz bolmagyna ýardam berjek ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň birnäçe usullary bar: • Suw üpjünçiligi we arassaçylyk boýunça taslamalaryň ýerli ilatyň we daşky gurşawyň bähbitlerini araýandygyna gözegçilik ediň. • Tokaýlaryň sagdyn saklanmagyny üpjün ediň. • Oba hojalygynda ulanylýan topragyň mes we hasylly bolmagyny üpjün edýän usullary ulanyň • Galyndylary azaldyň we olary howpsuz usullar arkaly ýok ediň. • Jaý guranyňyzda, derýalaryň suw toplaýjy çäklerden geçýän tebigy akymlaryny üýtgetmejek boluň. Gurjak jaýlaryňyza möwsümleýin silleriň howp salmaýandygyna göz ýetiriň. Şeýle-de toprak pytramasyna (eroziýasyna) sebäp boljak hereketlerden gaça duruň.

О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07630 sek. ýüklenen baýt: 32870