Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Wideoşekili ýazga geçirdiler
Ýazylan wagty: 11 июля 2019 Ýazan Mayichka
Ýewropaly teletomaşaçylaryň Türkmenista­
na gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen,
Wengriýanyň «Hungaricums around the world»
telegepleşiginiň işgärler topary ýurdumyza ba­
gyşlanan wideoşekilleri ýazga geçirdiler. Olar
Türkmenistanyň iň gözel ýerlerinde: tebigy we
taryhy-medeni goraghanalarynda, Aşgabadyň
ak mermerli binalarynda, sport desgalarynda
ýazgy etdiler.
Wengriýaly teležurnalistler Türkmenista­
nyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet mu­
zeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Hal­
kara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Atçylyk
muzeýine hem-de Olimpiýa şäherçesine baryp
gördüler. Türkmenistanyň meşhur syýahatçylyk
künjekleriniň biri hasaplanýan «Garagum ýalky­
my» alawy hem-de «Köneürgenç» taryhy-me­
deni ýadygärligi olaryň teleýazgysynda aýratyn
şöhlelendirildi.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08738 sek. ýüklenen baýt: 29053