Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şanly dabaralara beslendi.
Ýazylan wagty: 11 июля 2019 Ýazan NEXTTM

Şanly dabaralara beslendi.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýyly „Türkmenistan - rowaçlygyň Watany“ diýip atlandyrmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini beýan edýän özboluşly şygarydyr. Elbetde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini bir makalanyň çäginde beýan etmek mümkin däl. Munuň üçin taryhy kitaplar, belent waspnamalar gerek. Çünki bu beýik işleriň her biri belent waspnama mynasypdyr.

Ýurdumyzda 2019-njy ýyl üçin şeýle şygaryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldigini bellemek gerek. Çünki Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň dünýä nusgalyk işleri bilen üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär.

Bugünki günde ata-Watanymyzyň ähliumumy ösüşiň möhüm ojaklarynyň birine öwrülmeginde, Merkezi Aziýa sebitiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň altyn halkasyna öwrülmegini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň beýik maksatlarynyň hasyl bolmagy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etjek iň esasy ösüş ýoludyr. Munuň özi berkarar Watanymyzyň rowaçlyk ýoludyr. Bu günki günde, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda galkynýan türkmen ilimiziň herbiriniň kalby eziz Diýarymyza, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan doly. Watana bolan söýgi bolsa ähli üstünlikleriň we rowaçlyklaryň gözbaşydyr
Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz gün saýyn täze derejelere, uly sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylýan sazlaşykly ösüşler halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.

Dünýäde her bir halk, öz medeniýeti , sungaty, milliligi we däp-dessurlary bilen tanalýar. Bu günki günde bolsa Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýeti ösdürilýär we däp- dessurlary gaýtadan dikeldilýär. Bu babatda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işler türkmen halkynyň at-abraýyny arşa göterip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy ösüşleriň belent başlangyçlaryna çykarýar. Ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Altyn harplar bilen taryhyň sahypalaryna ýazyljak şanly wakalaryň biri hem Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak we dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaç almagy mynasybetli Mary welaýatymyzda ýerleşýän „Gurbanguly Hajy“ metjidinde toý sadakasy berilmegidir. Bu ýerde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, türkmen iliniň Hak howandary, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimize berk jan saglygy, uzak ömür arzuw edildi. Bu sadakanyň barşynda bolsa, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Mary welaýatynyň „Gurbanguly Hajy“ metjidine „Hilýe-i Şerif“ ýazgysynyň sowgat berilmegi welaýatymyzyň türkmen halkynyň guwanjyny has hem goşalandyrdy.

Bu Hilýe-i Şerif ýazgysy Yslamyň sungat eserleriniň iň wajyp nusgalarynyň arasynda öz ornuny tutýar. Bilşimiz ýaly, Osmanly medeniýetinde Hezreti Muhammet aleýhissalamyň häsiýetlerini teswir edýän, şol häsiýetleri görkezýän kitaplary we mysallary suratlandyrmak üçin „Hilýe-i Şerif“ ulanylypdyr. Bezeg, nagyş, ýüz we ruh owadanlygy diýmekligi aňladýan „Hilýe-i Şerif“ ýazgysynyň sowgat berilmegi bugünki günde türkmen medeniýetine we däp-dessuryna goýulýan çuňňur aladanyň we Hormatly Prezidentimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. 

Mary welaýat kitaphanasynda medeniýet - sungat işgärleriniň ýerine ýetiren baýramçylyk konserti bolsa Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, ata Watanymyzyň, abadan durmuşymyzyň, il-günümiziň waspy bolup ýaňlandy.

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05428 sek. ýüklenen baýt: 33535