Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hazar kenarýakasynyň biodürliligi, bekre we bu topara girýän balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişi
Ýazylan wagty: 11 июля 2019 Ýazan NEXTTM

Hazar kenarýakasynyň biodürliligi, bekre we bu topara 
girýän balyklaryň ösdürilip ýetişdirilişi

Günbatar Türkmenistanyň täsin tebigat dünýäsi bolup, Hazar deňziniň gözelligi we onuň biodürliligi, ösümlikler hem-de haýwanat dünýäsiniň baýlygy özboluşly aýratyn tapawutlanmak bilen ir döwürlerden bäri diňe bir ýurdumyzyň alymlarynda däl, eýsem dünýä alymlarynda hem uly gyzyklanma döredip gelýär.

Hazar deňziniň uzynlygy 1200 kilometr, ini 320 kilometr, iň çuň ýeri 1025 metrdir tutýan meýdany 380 müň kwadrat metr bolup, 70-den gowrak adanyň bardygyny alymlar tassyklaýar. Hazar deňzi ummasyz baýlyklaryň mekanydyr. Onda jemi 50-den gowrak ada bar. Deňze uly derýalaryň 27-si, şol sanda jemi 130 sany ownuk-iri derýa öz suwyny guýýar. Iň uly tolkuny 11 metre ýetýär. Deňiz bäş sany döwlet bilen serhetleşýär.

Taryhy maglumatlara ser salsak, deňiz türkmen kenarýakalarynyň ir döwürlerde Amyderýa bilen arabaglanyşygynyň bolmagy netijesinde deňiz ýakalarynyň gür jeňňeliklere bürenendigini we ösümlikler, haýwanat dünýäsiniň ýokary derejede baýlaşýandygyny aýratyn belläp geçmelidiris. Ylmy maglumatlarda bellenişi ýaly 1654-nji ýyllarda Uzboý gurap, derýanyň akymy has pes derejelere baryp ýetipdir. Uzboý guramazyndan öň bolsa derýanyň akymy uly we kiçi Balkan daglarynyň arasyndan geçip, derýanyň süýji suwyny aýlaglara getirip guýupdyr. Bu bolsa Balkan, Mihaýlowsk, Demirgazyk Hazar we Türkmenbaşy aýlaglarynda suwuň getiren dürli elementlere baý bolan çökündilerinden ybarat bolan mes toprakly ýerleriň emele gelmegine we ösümlikler hem-de haýwanat dünýäsiniň ýokary derejede baýlaşmagyna getiripdir. 

Şeýle bolansoň deňziň türkmen kenarlarynda emele gelen gidrometeorologiki we gidrobiologiki şertler we onuň baý iýmit bazasy deňziň dürli künjeklerinde ýaşaýan gymmatly baýlyklar bolan dokyny, bekreleriň üç görnüşini, tiranany, azatmahylary, takgazlary, kefallary, ak balygy we beýlekileri özüne çekip, deňziň balyk gorlaryny köpeldipdir. Hazarda balyklaryň 65 görnüşi bolup, türkmen kenarlarynda bolsa 61 görnüşi duş gelýär. Deňizde bekre balyklar toparynyň 5 görnüşi bar. Altynjy görnüşi bolsa Wolga derýasynyň deňze guýýan ýerlerinde (ady sterýak) ýagny süýji suwly ýerlerde duş gelýär. Bekre balyklar toparynyň dünýä gorunyň 20% hut Hazar deňzinde duş gelmegi, deňziň ummasyz baýlyga eýedigini aýdyňlygy bilen  subut edýär.

Deňiz guşlary barada aýratyn duryp geçilse, maksada laýyk bolardy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň 70 göteriminden gowragy Hazar goraghanasynyň çäklerinde duş gelýändiklerini aýratyn belläp geçmelidiris. Şeýle hem deňziň türkmen kenarlarynda guşlaryň 120 görnüşi duş gelýär. Alymlaryň tassyklamagyna görä her ýylda Hazar deňziniň çäklerinde guşlaryň 12 milliona golaýynyň uçup gelýändigini, şolaryň bolsa 5 milliona golaýynyň deňziň  ajaýyp kenarlarynda  gyşlamaga galýangyny aýratyn bellemelidiris. Guşlar her ýylyň birnäçe aýlaryny goraghananyň  ýyly howaly, mes toprakly kenarlarynda geçirip, bol iýmit gorlaryndan peýdalanýarlar. Suwda ýüzýän we batgalyk guşlaryň gyşlamagynda  Hazaryň türkmen kenarýaklarynyň halkara ähmiýeti nazarda tutulyp, 1971-nji ýylda Türkmanbaşy we Demirgazyk-Çeleken aýlaglary gymmatly suw batgaly haýyrlanýan ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň bolsa ýagny 2008-nji ýylda Türkmenistan döwleti Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna täzeden goşuldy. Hut şonuň üçin-de bu ýerlere “Guşlaryň şalygy” diýlip atlandyrylýar.

Bekre balyklar toparynyň ösdürlip ýetişdirilişi barada  söhbet etsek, aşakdakylary aýtmak bolar. Bekre balyklar rus, pars bekreleri, doky, tirana we beýlekilerdir. Bekre balyklar topary esasan derýalaryň deňze guýýan süýji suwly ýerlerinde işbil taşlap, soňra deňze ýuwaş-ýuwaşdan çykýarlar. Geçen asyryň başlarynda Hazar deňzinden tutulan bekre  balygynyň agramynyň  950 kilograma ýetendigi bardaky  maglumatlara duş gelinýär. Ortaça bekre balyklar toparynyň agramy 400-450 kilograma barabardyr. Şeýle hem bekreler ortaça 45-50 müňe golaý işbil taşlaýarlar. Balyklaryň ýaşy esasynda olaryň endamyndaky teňňeleri boýunça anyklanýar.

Biz Açyk görnüşli “Hazar balyk” Paýdarlar jemgyýetinde  bolanymyzda bekre balyklarynyň köpeldilişi bilen gyzyklandyk. Bu ýerde bäş sany balyk ýetişdirilýän howdan we goşmaça 12 sany ýörüteleşdirilen howdan bolup, ilki süýji suwda kiçi balyklar taýýarlanyp, soňra olar deňiz suwy  bilen uýgunlaşdyrylýar. Balyklar agramyna we ýaşyna görä  bölünip, ýörüte suw howdanlarynda  ösdürlip ýetişdirilýär.


Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06906 sek. ýüklenen baýt: 35219