Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň täze gadamlary.
Ýazylan wagty: 11 июля 2019 Ýazan NEXTTM


Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň täze gadamlary.

Garaşsyz Watanymyzyň her bir güni, her bir ýyly türkmen halky üçin ýatdan çykmajak, ykbal çözüji ajaýyp wakalara, tutumly işlere, beýik başlangyçlara beslenip, ýurdumyzy galkyndyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda, beýik işleriň durmuşa geçirilen, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, watansöýüjiligiň, ykdysady we ruhy galkynyşyň, zähmetsöýerligiň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň hem-de abadançylygyň ýyly boldy. Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, ýokary ahlakly, zähmetsöýer hünärmenleri taýýarlamakda, ruhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bitiren işleri sanardan köpdür we diýseň gymmatlydyr. 

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem Elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy ( elektrik energiýasyny öndürmek we ibermek bilen meşgullanýan pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň  möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär. 

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda birnäçe häzirki zaman elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berildi. 

Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. 

Bu düzüm üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen  2015-2016-njy okuw ylynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy” atly täze hünäri şeýle-de “Hünär derejesini ýokarlandyrmak” fakulteti açyldy. 

Jemgiýetimiziň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşüniň ugurlaryny bilim ulgamynyň kesgitlenýändigini nygtaýar. Bu meselede innowaion bilim ulgamy esasy orunlaryň birini eýelemelidir. Bu bolsa, öz gezeginde bilim ulgamynyň meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýär. Türkmenistanyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda Milli maksatnama işe girizildi we Döwlet bilim standartlary işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli başlangyçlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Bu Konsepsiýa maglumat-bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Elektrik stansiýalary” kafedrasynda hem (Mark 6 E simulýator) enjamynyň kömegi bilen tejribe geçmeklik arkaly ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän gaz turbinaly desgasyny  iş wagtynda dolandyrmaklygyň mümkinçilikleri düýpli öwrenilýär. Bu bolsa  ýaş hünärmenleriň sanly ulgam bilen işlemeklerini baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07572 sek. ýüklenen baýt: 33981