12 июля 2019
Hindistandaky Bengal aýlagynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň köpüsi syrkawlanlarynda, tebiplere ýüz tutýarlar. Ol tebipler dermanlary tokaýdan ýygnalan ösümliklerden taýýarlaýarlar. Günleriň birinde Hökümete garaşsyz guramanyň (HGG) wekilleri oba geldiler. Olar adamlara pul gazanmaga kömek etmek maksady bilen, şol derman ösümlikleri ýygnap, şäherlerde satmagy teklip etdiler. Ýerli ilat olaryň teklibini kabul etdi. Şunlukda, bu gurama ýerli ilata tokaýa zyýan ýetirmezden, onuň önümini, ýagny derman ösümliklerini ýygnap, pul gazanmaga kömek etdi. Obanyň ilaty pul gazanmagyň bu usulyna begenip, işe yhlas bilen ýapyşdy. Ýöne olar tebiplerden bu otlaryň haçan we haýsy mukdarda ýygnamalydygyny soramagy unudypdylar. Obanyň ilaty pul gazanjak bolup, derman ösümliklerini ýygnan baglaryna zyýan ýetirdi. Köp kök ýygnamak üçin, agajyň töweregini gazmagyň deregine, adamlar bir agajy bütinleý çapyp aýyrýardylar. Gysga döwrüň içinde derman ösümlikleriniň köpüsi çapylyp aýryldy. Şonuň üçin, syrkawlan wagtlary oba adamlary dermanlary dermanhanalardan köp pul harçlap almaga mejbur boldular. Tebipler hem adamlary bejermek üçin gerek bolan dermanlaryndan mahrum edildiler. Netijede, öz geljeklerini goramaýan usul bilen derman ösümliklerini ýygnamak adamlaryň saglygyna we tokaýyň ýagdaýyna zyýan ýetirdi.