12 июля 2019
Tebigy suksessiýa Suksessiýa – bu ýer ýüzüniň haýsydyr bir çäklerinde wagtyň geçmegi bilen ösümlikleriň, haýwanlaryň bir görnüşiniň başga görnüşleri bilen kem-kemden çalyşmagy. Käte ýeri dikeltmegiň iň gowy usuly – ony öz erkine goýup, kem-kemden dikeldilmegine ýardam bermekden ybarat. Munuň üçin şol ýeriň daşyna haýat aýlap, adamlardan daşrakda gezmeklerini haýyş edýän ýazgylary asmaly. Mundan başga-da, şol ýerde bakylýan mallaryň sanynyň azaldylmagy ýeriň dikeldilmegine oňat kömek edip biler. Ýer ulanylmakdan goralyp, şertler ýaşaýşyň dikeldilmegine laýyk bolsa, ösümlikler tebigy suksessiýa diýip atlandyrylýan tebigy usulda şol ýerde gaýtadan ösüp başlaýarlar. Bu hadysa birnäçe ýyllara, hatda birnäçe nesillere uzap bilýär. Emma şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda, tebigy suksessiýa ýeri dikeldip bilmeýär: • golaýda ýerli ösümlikler ýa-da olaryň tohumlary bolmasa; • çalt köpelýän ösümlikler ýaýrap, ähli ýeri eýeläp, gerekli ösümlikleri aradan aýyrsalar; • ýer hiç zat ösdürip bolmajak derejede zaýalanan ýa-da hapalanan bolsa.