Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agramy artdyrmak üçin hödürlenýän iýmitler
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Agramy artdyrmak üçin hödürlenýän iýmitler.
Türgen myşsa agramyny çalt artdyrmak üçin ýörite iýmit düzgünini berjaý etmelidir. Mysal üçin, ýönekeý uglewodlar bilen iýmitlenilende endomorf gurluşly türgenlerde deri astyndaky ýagyň köp möçberde ýygnanmagy bolýar. Ektomorflarda bolsa proteinleriň täzeden sintezlenmesi geçmäni energiýa öwrülýär. Başgaça aýdylanda horlar o diýen semremäni güýç ýygnaýarlar we çydamlylygy artýar. Semizler bolsa has semräp, olaryň myşsalarynyň ösüşi deri asty ýagyň galyňlygy sebäpli daşyndan kän bildirmeýär.
Iýmiti ýeterlik mukdarda iýmeli, gün tertibini berjaý etmeli.
Türgenleşikleriň başynda sport görkezijileri tiz-tizden üýtgäp biler, ýöne degişli çäreler dogry geçirilende ol oňyn netijeleri berýär. Egerde iýmit gözegçiliksiz we düzgüne laýyk iýilmedik ýagdaýynda beden agram düşüp biler.
Suwy köp içmeli. Bedene gerekli möçberde suw berilmese myşsa agramy artmaz. Sebäbi adam bedeniniň ortaça üçden iki bölegi suwdan durýar. Şonuň üçin suwsuz gowy netijeleri gazanyp bolmaýar.
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июля 2019

gowy netijeleri gazanyp bolmaýar. Wagtly-wagtynda naharlanmaly, garbanmaly. Mümkin boldugyça az-azdan ýöne ýygy-ýygydan iýmitlenmeli. Sport lukmanlary bölekleýin iýmitlenmegiň bedeni fiziologiki ýagdaýda saklaýandygyny belleýärler. Ýygy-ýygydan iýmitlenilende myşsalara aminoturşylaryň (gurluşyk materiallaryň) gelmegi yzygiderli amala aşýar, şonuň bilen birlikde glýukoza gelip, energiýa üpjünçiligi artdyrýar. Türgen çalt-çaltdan naharlanan ýagdaýynda kataboliki hadysalar zerarly proteinler dargap ýetişmeýär we myşsa ösüşini üpjün edýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07358 sek. ýüklenen baýt: 30639