Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Witaminler we minerallar
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Witaminler we minerallar
Witaminler bedeniň ösmegi, köpelmegi we görnüşiň saklanyp galmagy üçin örän zerur organiki maddalar hasaplanýar. “Wita” - ýaşaýyş, “amin” - amin saklaýan madda diýmegi aňladýar. Witaminler köplenç bedene daşardan - ösümlik we haýwan önümleriniň üsti bilen düşýär. Türgenleşik döwründe, ýaryşda beden myşsasynda köp sanly erkin radikallar emele gelýär. Şolar bilen hem hut witaminler hem-de antioksidantlar göreşýär. Türgen üçin witaminler we mineralladrdan - sink testosteron gormonynyň emele gelmegi üçin zerur maddalar hasaplanýar. Şonuň ýalyda “Berzeňňi” mineral suwy, ýurdumyzyň ir-iýmişlerinden, miwelerinde taýýarlanylan şerbetlerimiz, arassa agyz suwymyz türgen bedenini minerallar bilen doly baýlaşdyryp bilýär. Gyz türgenlerimize hem myşsa dokumalaryny berkitmek zerurlygy ýüze çykýar. Olar hem ýokarda getirilen önümlerden gün tertibine görä peýdalanyp bilerler. Ýöne, aýal-gyzlaryň bedeni ýag dokumalaryny köp ýygnamaga ýykgyn edýändir. Şeýlelikde olaryň iýmitindäki ýaglaryň gündelik mukdary erkekleriňkiden biraz az bolmagy gerek.
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
13 июля 2019

Ýaglar Ýaglar gündelik türgen iýmitiniň 15% töweregini tutmalydyr. Ýaglar ösümlik we haýwanlardan alynýar. Halk arasynda ýaglaryň saglyga zyýany barda köp nygtalsada, olaryň energiýa berijilik ukyby uglewodlar we proteinler bilen deňeşdirenimizde 2 esseden gowrak ýokarydyr. Bedende öt, gormon ýaly biologiki aktiw maddalar ýagyň gatnaşmagynda emele gelýär. Ýaglar şeýle-de testosteron atly erkeklik gormonyň hem sintezine gatnaşýar, ol bolsa öz gezeginde güýji durnuklandyrýar. Türgeniň naharyny, işdäaçaryny zeýtun, künji, mekgejöwen we mesge ýaglaryndan taýýarlamak has gowy. Iç we guýruk ýagy ýaly haýwan ýaglaryny welin çäklendirmek gerekdir. Peýdaly ýaglar şeýle-de aşakdaky önümlerde saklanýar: Ýumurtgada; Balykda we balyk ýagynda; Ösümlik ýaglarynda; Hozda, maňyzlarda, günebakar çigidinde.

Mayichka
13 июля 2019

Uglewodlar Egerde proteinleri kerpiç hökmünde göz öňüne getirsek, uglewodlary gurluşykçy hasaplamak bolýar. Uglewodlar bedende ähli metaboliki hadysalara gatnaşyp, energiýa berýär. Türgeniň her kilogramyna ortaça 3 gram uglewod gerekdir.   Uglewodlar ýetmedik ýagdaýynda beden «ýangyç» hökmünde myşsa dokumasyny ulanyp başlaýar we türgenleşikler, bäsleşikler şowsuz gutarýar. Uglewodyň paýyna gündelik iýilýän iýmitiň 60% düşmeli. Ýokarda belleýşimiz ýaly uglewodlar türgen bedenine gyssagly wagtda energiýa bermäge ukyplydyrlar. Iýilýän iýmitiň düzümini köplenç çylşyrymly uglewodlar düzüp, olara: Arassalanmadyk tüwi; Bugdaý, süle şüleleri, greçka; Irimçik üwelen dänelerden bişirilen çörek; Gök önümler; Miweler degişlidir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06039 sek. ýüklenen baýt: 32715