Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türgen myşsasynyň göwrümini artdyrmak
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Türgen myşsasynyň göwrümini artdyrmak, güýjini köpeltmek.
Myşsalaryň durkuny üýtgedip, olary owadan görnüşe getirmek her bir türgeniň arzuwy bolsa gerek. Türgen öý şertlerinde ýa-da türgenleşik zallarynda hem myşsalaryny näçe dartgynlyga sezewar etsede, iýmitiň düzümini we mukdaryny üýtgetmän isleýän netijesini gazanyp bilmeýär.
 Hakykatdan hem myşsanyň güýjini we agramyny artdyrmak wajyp sorag bolmagynda galýar. Ol belli bir derejede bedeniň genetiki gurluşyna türgenleşik ýyllara, iýmitleniş rejesine bagly bolýar. Asteniki (ektomorf) gurluşly beden üçin myşsa güýjini artdyrmak kyn düşýär. Türgenleriň arasynda anaboliki derman serişdelerini ulanyp, myşsa agramyny we güýjini gysga wagtyň içinde artdyrmaga çalyşýarlar. Ýöne, ol serişdeleriniň beden üçin köpsanly gaýra üzülmeleri, islenilmeýän täsirleri döredýändigini welin ýatdan çykarýarys. Şol sebäpli myşsanyň göwrümini ulaltmak, güýjüni artdyrmak üçin diňe tebigy önümleri ulanmak, belli usullardan peýdalanmak amatly hasaplanýar.
Beden gurluşy we treningiň aýratynlygy.
Ilki bilen türgenleşikleri türgenleşik zallarynda geçirmegi başlamazdan öň türgen öz beden gurluşynyň görnüşini kesgitlemeli. Hor we semiz türgeniň beden gurluşynyň kesgitlenişi biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.
Üç görnüşdäki beden gurluşy:
Ektomorf;
Mezomorf;
Endomorf.
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июля 2019

Ektomorf Mezomorf Endomorf Ektomorflarda aýak-uzyn we göwre-gysga, daban we penjeler insiz bolýar. Pilçesi gaty bir giň bolman, myşsalary inçe we uzyndyr. Mezomorf durkly türgeniň göwresi giň we eginlek, döş böleginiň ýokarsy uzyn, süňkleri küti we berdaşly bolýar. Endomorf durkly türgene gysga boýun, tegelek ýüz, dolmuç but we ýag gatlagynyň ýeterlik galyň mukdary häsiýetlidir. Ektomorf gurluşly beden üçin myşsanyň göwrümini artdyrmak has kyndyr. Şeýle beden gurluşly türgen üçin aýratyn trening we iýmitlenmek düzgüni bellenilýär. Hor adamlar türgenleşik wagtynda iri myşsalarynyň has köp işlemegine şert döretmelidir. Ilkinji nobatda arka, döş we but myşsalaryny köp işlemäge mejbur etmeli. Häzirki zamanda ol türgenleşikleri ösen tehnologiki enjamlaryň kömegi bilen hem ýerine ýetirmek mümkin. Her maşgy 6-8 gezek gaýtalamak gerek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,30328 sek. ýüklenen baýt: 31199