Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Adam organizminiň himiki düzümi
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Adam organizminiň himiki düzümi
Adamynyň agramynyň 96%-den gowragyny diňe 4-sany
elementler: uglerod, kislorod, wodorod we azot düzýär. Olardan
organizmde iň köpüsi kislorod bolup, ol beden agramynyň 3/5
bölegini, uglerod 1/5 bölek töweregini, wodorod 1/20 we azot
agramymyzyň 1/25 bölegini tutýarlar. Şu sanalan elementler ýaşaýyş
esasyny düzýärler. Adam bedeninde olardan başga-da köp sanly
elementler: metallar-kalsiý, kaliý, natriý, magniý, demir, mis,
marganes, sink, alýuminiý, gurşun we başgalar, metal däller-hlor,
ýod, ftor, brom, kremniý we başgalar bolýarlar. Adam bedeninde
D.I.Mendeleýiwiň jetwelinde görkezilýän elementleriň hemmesi
diýen ýaly bardyr. Olaryň köpüsine mikroelementler diýilýär,
özlerem adam bedeninde örän ujypsyz mukdarda bolýarlar.
Adam bedeniniň agramynyň 2/3 bölegini suw tutýar, ýöne ol
organizm üçin hökmany suratda gerek bolsa-da, kömekçi ähmiýete
eýedir.
Bedeniň beýleki «gury galyndy» diýlip atlandyrylýan üç
bölegini beloklar, ýaglar, uglewodlar tutýarlar. Bu maddalar
organizm üçin has häsiýetli bolanlary üçin olar organiki maddalar
adyny alanlar.
Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июля 2019

Organ organizmiň anatomiki özbaşdaklaşan bölümi. Ol ýörite funksiýany ýerine ýetirýär. Her bir organyň özboluşly formasy, gurluşy bolýar we organizmde kesgitli şertde ýerleşýär. Her bir organ iki bölekden: parenhimadan we stromadan durýar. Parenhima özüne mahsus bolan dokumalardan gurlan, onuň öýjük içki elementleri özböluşly funksiýany ýerine ýetirýär. Stroma organyň içki sütünini emele getirýär we parenhimany iýmitlik maddalary bilen üpjün edýär. Parenhima mäzlerde we öýkenlerde epiteliý dokumalaryndan, myşsalarda myşsa dokumalaryndan, nerw emele gelmelerinde nerw dokumalaryndan emele gelýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09398 sek. ýüklenen baýt: 31017