Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dişleriň çykyşy
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Dişleriň çykyşy.
Dişler eneden bolan çagada, ol 6-7 aýlyk
bolanda çykyp başlaýar. İlki bilen aşaky ortaky iki sany kesiji dişler
çykýar. Çaga 7-8 aýlyk bolanda ýokarky ortaky iki sany kesiji dişleri
çykýar. Ol 8-9 aýlyk bolanda ýokarky beýleki iki kesiji dişler çykýar.
Çaga 10-12 aý bolanda aşaky äňde ýene-de iki sany kesiji dişler
çykýar. Çaga bir ýaşanda onuň aşaky we ýokarky äňlerinde dörtdörtden dişler bolýar. 12-15 aýlyk çaga-da ýokarky we aşaky äňlerde
iki-ikiden öňki kiçi azy dişleri çykýarlar. Çaga 18-20 aý bolanda oňa
aňňy (gyýak) dişleri çykýar. Ol 20-24 aýa ýetende yzky kiçi azylar
çykýarlar. İki ýaşly çagada 20 sany diş bolýar. Bu dişlere, olar süýt
emilýän döwürde bolýanlyklary sebäpli süýt dişleri, çalşynýanlygy
sebäpli bolsa wagtlaýyn dişler diýilýär. Süýt dişleri 6 ýaşdan 12-14
ýaşa çenli aralykda mydamalyk dişler bilen çalşylýarlar. İň yzky
esasy, uly azy dişleri (olar 12 sany) adam 18-25 ýaşanda çykýarlar.
Bu döwürde adamynyň akyly durlanýanlygy sebäpli bu azy dişlerine
başgaça akyl dişleri diýilýär.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
13 июля 2019

Dışlerıñ gurluşy: Dışler dentes alweolýar ösüntgılerıň çukurjyklarynda ýerleşýärler. Her bır dışıň ýokarsy - koronkasy emal bılen örtülen bölümı, dişiň eti bılen gabalan boýunjygy hem-de kökı bolýar. Dışıñ kökı çukurjykda ýerleşýär we onuň bılen berk baglanşykly. Dışıň kökünıň ıçınde ınçejık deşık bolup, ol deşşık dışıň ıçınde has gıňelýär. Dışıň ıçınde gan damarlary we nerwler bolýar. Dışıň bu ıçkı ýumşak bölümıne pulpa dıýılýär.

Mayichka
13 июля 2019

Dışıň emal örtüklı üstı bırnäçe ownuk üstjagazlara bölünýar: dişiň üstüniň bu dişiň garşysynda ýerleşýän dişe gönükdirilen üstüne kesiji hem çeýneýji üst diýilýär. Dişiň dodaklara tarap gönükdirilen üstüne dişiň dodak ýa-da çekge üsti diýilýär. Dişiň dile tarap öwrülen üstüne dişiň dil üsti diýilýär. Dişiň goňşy dişe tarap gönükdirilen üstüne dişiň kontakt (galtaşýan) üsti diýilýär. Dişiň köki konus şekilli. Diş kökleri sada we çylşyrymly bolýarlar. Alyn (kesiji), aňňy (gyýak), kiçi azy dişler sada kökli, ýagny bir kökli, esasy (yzky) azy dişleri 2 ýa-da 3 kökli bolýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05798 sek. ýüklenen baýt: 31871