Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýürek - gan-damar ulgamy
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Ýürek - gan-damar ulgamy.
Adamyň ýürek-damar sistemasy köp sanly arteriýalardan,
wenalardan, limfatik damarlardan, kapillýarlardan durýar. Bu
sistemaň merkezi organy - ýürek, onuň içinden organizmiň ähli gany
geçýär.
Damarlardan gan we limfa geçýär, olaryň düzüminde
öýjükleriň ýaşaýşa ukyplylyk zerur bolan iýmit maddalary we
kislorod getirilýär, madda çalşygynyň galyndy maddalary bolsa
çykarylýar.
Biziň tutuş bedenimiz gan damarlar bilen gurşalan.
Gurluşlaryna we ýerine ýetirýän işlerine görä, gan damarlary
arteriýalara, wena we kapillýarlara bölünýärler. Kapillýarrlardan
beýleki damarlaryň diwarlary üç gatlakdan durýar. Olaryň içki ýüzi
ýasy epitelial öýjükleriniň ýuka gatlagy bilen örtülendir. Ol ýylmanak
bolansoň ganyň sürtülmegine we aňsat hereket etmegine
mümkinçilik berýär. Ortaky gatlak çeýe süýümlerden we ýylmanak
myşsa dokumasyndan durýar. Myşsa süýümleriniň ýygrylyp-
ýazylmagy netijesinde gan damarlarynyň giňligi we darlygy üýtgäp
durýar. Daşky gatlak ýumşak birleşdiriji dokumadan emele gelen.
Okalan sany: 120   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
13 июля 2019

Adamyň ýüregi içi boş myşsa organydyr. Ol döş boşlugynda, çep we sag öýkenleriň arasynda ýerleşýär. Formasy boýunça – konus şekilli (26 sur.). Uly adamda onuň ortaça agramy 250-300 gramdyr. Ýürek gan aýlanyş sistemasynyň merkezi organydyr. Ol perikard atly seroz barda bilen örtülendir. Perikard uly damarlaň düýbünde bir-birine girýän iki ýaprakdan durýar: wisseral – epikard, we pariýetal. Epikard ýürek myşsasy bilen birleşip onuň daşky gaty bolup durýar. Birleşdiriji dokuma bilen bilelikde pariýetal ýapragyna ýürek köýnegi ýa-da ýürek töweregindäki sumka diýilýär. Ýapraklaryň arasynda perikardyň seroz boşlugy ýerleşýär. Adamyň ýüregi dört kamera bölünýär: çep we sag ýürek gulajyklary, çep we sag ýürek garynjyklary. Ýüregiň çep tarapy sag tarapyndan germew arkaly bölünýär. Adamyň ýüregi üç üsten ybarat: döş-gapyrga üsti – öň, diafragmal üst – aşaky, öýken – gapdal. Ýüregiň aşaky uçly ujy – ýüregiň ýokarsy diýilýär.

Mayichka
13 июля 2019

Sag adamyň ýüregi onuň bedenine laýyk gelýär, şeýle hem madda çalyşygyň geçişine bagly. Ýüregiň ortaça agramy aýallarda – 250 gr, erkek adamlarda – 300 gr. Ýüregiň formasy ýasy konusa meňzeş, onuň ýagdaýy döş kapasaň formasyna, adamyň ýaşyna we dem alyş hereketine bagly. Dem göýberilende, diafragma ýokaryk göterilýär, ýürek kese ýagdaýa geçýär, dem alynanda ýürek dikelýär. Şag gulajyk kub formaly, oňa ýokarky we aşaky boş wenalar düşýär. Sag gulajygyň iç ýüzi ýylmanak, onda iki sany epim bar. Gulajykara germewde owal çukurjyk ýerleşýär. Çaga ene göwresindäki döwürde bu ýerde owal deşik bolýar. Çep gulajyga dört sany öýken wena açylýar, her tarapdan iki sany. Gulajykara germew kese ýerleşen. Sag garynjyk. Gan sag gulajykdan sag garynjyga sag gulajykgarynjyk deşik arkaly geçýär. Deşigiň gyrasynda gulajyk-garynjyk (üçgabsaly) klapan ýerleşýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05477 sek. ýüklenen baýt: 33326