Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Glial öýjükler – beýniň nerw öýjüklerini goraýjylar
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Glial öýjükler – beýniň nerw öýjüklerini goraýjylar.
Glial öýjükler beýniň gurluş elementlerine degişlidir. Olaryň
sany neýronlaryň sanyndan 10 esse köp bolýar.
“Glial” termini belli nemes alymy R.Wirhow tarapyndan 1846-
njy ýylda ylma girizilen. Gliýa – ýelim manyny aňladýar. Gliýa nerw
öýjükleriniň arasynda ýerleşýän aralyk struktura hasaplanýar.
Glial öýjükler iki topara: makro- we mikrogliýalara bölünýär.
Makroglial öýjüklere astrositler (ýyldyzlar) we oligodendrositler (az
ösüntgili) degişli. Makroglial öýjükler nerw öýjükleri ýaly
ektodermal gelip çykyşly bolýar. Mikroglial öýjükler bolsa
mezodermal gelip çykyşly hasaplanýar.
Makroglial öýjükleriniň – astrositleriň ýerine ýetirýän
funksiýalary:
1) astrositler nerw öýjükleriň aralaryny dolduryp, daýanç
bolup hyzmat edýärler;
2) ölen nerw öýjükleriniň orunlaryny tutup, reparatiw
wezipesini ýerine ýetirýärler;
3) astrositler neýronlaryň reseptiw (duýujy) üstlerini
izolirleýärler.
Nerw öýjükleriniň beden üstünde adatça beýleki nerw
öýjükleriniň aksonlarynyň uçlary ýerleşýärler. Şol uçlary glial
öýjükler izolirleýärler, örtüp goraýarlar.
Astrositleriň ösüntgileri has köp bolany sebäpli, olar öýjügi
görünmezlik derejesine çenli örtýärler. Süýümli astrositleriň
ösüntgileri uzyn, inçe, göni bolup, örän seýrek şahalanýar.
Protoplazmatik astrositleriň ösüntgileri gysga bolup, öýjügiň
bedenine golaýda has köp şahalanýar.
Makroglial öýjükleriň oligodendritleriniň esasy wezipesi nerw
süýümleriniň dokumalarynyň daşynda ýumşak örtük emele getirmek
hasaplanýar.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июля 2019

Glial öýjükler gan bilen beýniň arasynda gematoensefalitik päsgelçiligi (barýeri) emele getirýärler. Glial öýjükleriň emele getirýän päsgelçiligi gandan beýnä del bedenleriň, zyýanly maddalaryň, gandaky bakteriýalaryň we mugthorlaryň geçmekleriniň öňüni alýar. Mikroglial öýjükler mezodermal gelip çykyşly. Şu öýjükler beýniniň örtüginden, gan damarlarynyň diwarlaryndan we beýni garynjyklarynyň damarly örtüginden emele gelýärler. Mikroglial öýjükler makrofaglar hökmünde organizmleri we beýniň degenerirlenen nerw elementlerini tutýarlar, zyýansyzlandyrýarlar, iýýärler. Makroglial öýjükler hereketli bolup, beýniniň zeper ýeten ýerinde toplanýarlar. Makrofaglyk netijesinde mikroorganizmleri iýenlerinden soňra olaryň daşky şekilleri üýtgäp, togalak, çybyjyk şekilli bolýarlar. Astrositler hem belli bir derejede (azyrak) fagositlik häsiýetde bolýarlar. Glial öýjüklerine ependin öýjükleri – epithelial öýjükleri hem degişli edýärler. Olar beýni garynjyklarynyň boşluklaryny örtýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07441 sek. ýüklenen baýt: 32018