Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý ediň
Ýazylan wagty: 13 июля 2019 Ýazan Mayichka
Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý ediň!
Otagda gazyň ysyny duýsaňyz:
«Gazüpjünçilik» müdirligi.
Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi.
GAZÜPJÜNÇILIK» MÜDIRLIGI WE ÝANGYN HOWPSUZLYK GULLUGY DUÝDURÝAR:
GAZDAN PEÝDALANÝANLARA
ŞULAR GADAGAN EDILÝÄR:
1.Özbaşdak gazlaşdyrmak ýa-dagazenjamlarynyň ýerini üýtgetmek.
2.Işläp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz
goýmak.
3.Gaz enjamy oturdylan otagda ýatmak.
4.Gaz enjamlaryny gaz geçirijä ýönekeý rezin
şlangalar we turbalar bilen birikdirmek.
5.Mekdep ýaşyndan kiçi çagalara, edýän hereketini bilmeýän adamlara gaz enjamlaryny
ulanmagy ynanmak.
6.Tüsseçykaryjy näsaz bolanda, howa çekişi
bolmasa ýa-da tersine bolanda, gaz enjamlaryny ulanmak.
7.Gazwegazenjamlarynyözniýetlenenişinden
başga işe ulanmak.
8.Gazenjamlarynydöwmekwegazyogurlamak.
9.Emeli usulda bejerilen gaz enjamlaryny
ulanmak.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň
her biri ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny artdyrmaga, şeýle hem mähriban
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň esasy
pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar, uly aladalar
edilýär. Bu bolsa gurulýan desgalary we ilatyň
ýaşaýyş jaýlaryny tebigy gaz bilen doly derejede
üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
Tebigygazyrejelihem-dehowpsuzpeýdalanmak, raýatlaryň ömrüni we saglygyny goramak,
gazyň sarp edilişini tygşytlamak hem-de takyk
ölçemek maksady bilen gaz ölçeýji enjamlar
gurnalýar.
Ilatymyzyň her bir raýatyna 600 kub. metr
möçberinde tebigy gazyň mugt berilmegi 2019-
njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-inden ýatyrylyp,
1000 kub. metr sarplanan tebigy gazyň bahasy
20 manat diýlip kesgitlenendir. Berilýän tebigy
gazyňsarpedilenmöçberiniňtöleglerigazölçeýji
enjamlaryň görkezijisi esasynda her aýyň 10-yndan gijä galman ilat tarapyndan tölenilmelidir.
Tölegler geçirilende hasaplaşyk kitapçasynda
bellik edilýär. Şeýle hem wagtyň geçmegi bilen
gaz ölçeýji enjamlaryň hatardan çykan ýagda-
ýynda ýerlerdäki gaz hojalyk edaralaryna habar
berilmelidir.
Howpsuzlyk kadalaryna gabat gelmeýän,
senetçilik usulynda ýasalan gaz enjamlaryny
ulanmak gadagandyr, şeýle hem ýurdumyzyň
zawod tarapyndan öndürilen enjamlar bilen abzallaşdyrylan suw bilen ýyladyş ulgamy arkaly
ýyladylmalydyr. Bu bolsa sarp edilýän gazyň
möçberini birnäçe esse tygşytlamaga mümkinçilik berer. Tygşytlanylan her kub metr gaz
rysgal-berekedimizi artdyrar.
Gazyňöränhowplybolupdurýandygynyasla
unutmakbolmaz,şonuňüçinhemgazulanylanda
örän seresap bolmalydyr. Gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleri sähelçe bozulan
ýagdaýynda ýangynlara we ýanan gazdan emele
gelen zäherli galyndylar bilen zäherlenmek ýaly
hadysalara eltip biler.
Gaz bilen baglanyşykly hadysalaryň ýüze çykmazlygy
üçin aşakdaky düzgünler berjaý edilmelidir:
Gaz enjamlaryny ulanmazdan ozal, olaryň guratlygyny
barlap görmeli.
Gaz enjamlarynyň nurbatyny açmazdan ozal, ýakylgy otluçöpi
ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýerine (gorelkasyna) golaý eltmeli.
Gaz enjamynyň howurpejinde ot ýakmazdan öňürti, ony 2-3 minutlap ýelejiretmeli.
Gaz enjamy ulanylýan mahaly penjireleri açyp goýmaly.
Tüsse çykaryjysy bolan gaz enjamlaryny her gezek açan (işleden)
mahalyňyz onuň tüsse çekişini barlamaly.
Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 июля 2019

1.Gazenjamlarynyulananhalatyňyzda penjiräni açyň. 2.Gaz enjamlarynyň işläp duran mahaly olaryň saz işleýşini, howa çekişini barlap duruň. 3.Gazýangyjynyulanypbolanyňyzdan soň, gaz enjamyny we onuň ýanyndaky nurbatyny ýapmaly. 4.Gaz enjamlarynyň näsazlyklaryny diňe gaz hojalyk işgärlerine düzetdiriň. 5.Ýerzeminleriňize giren mahalyňyz çyra ýakmazdan öňinçä gazyň ysynyň ýoklugyna göz ýetiriň. 6.Öýden uzak wagtlaýyn giden wagty- ňyz gaz edarasyny habardar ediň. 7.Tüsseçykarlaryň ýaşaýyş jaýlaryň agaç ýapylaryndan geçýän ýerini ýangyn howpsuzlygy düzgünlerine görä gurnamaly. Gaz amatly ýangyç hökmünde biziň öýlerimize köpden bäri ornaşdy. Şeýle hem bolsa, gaz enjamlaryna geleňsiz we perwaýsyz garalmagy partlamanyň, ýangynyň, zäherlenmäniň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi bolup biljekdigini hemişe ýatda saklamak gerek. Öýlerimizdebetbagtçylykbolmazýaly, gaz enjamlaryny peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň: -Jaýyň howa çekýän ýollarynyň gö- zeneklerini ýapmak we ýelimlemek gadagan edilýär; -Gaz enjamlarynyň nurbatyny açmazdan ozal, ýanyp duran otluçöpi ýa-da ot ýakyjyny gazyň gorelkasynyň ýanynda taýýarlaň; -Gaz enjamlarynyň buglaýjysynyň gazyny ýakmazdan öň, onuň içini 2-3 minutlap ýelejiretmek zerur: -Gazenjamynyňüstündeerňegineçenli suwdan doldurlan gap goýmaň, sebäbi, suw gaýnap dökülip, gazy öçürip biler, öçen gaz bolsa jaýyň içine ýaýrar; -Gaz enjamlaryny peýdalanmak üçin ýaş çagalary we gazy ulanmagyň düzgünlerini bilmeýän adamy goýbermäň. Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý ediň!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05594 sek. ýüklenen baýt: 35116