Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Howa sazlaýjynyň prototipi döredildi
Ýazylan wagty: 16 июля 2019 Ýazan Mayichka
Şahsy kompýuterlerimizi, indi ýanymyzda götermäge endik
edipdiris. Ýanyňda göterilýän
howa sazlaýjyny nähili
görýärsiňiz? Hawa, indi howa sazlaýjy hem
edil kompýuter ýaly,
siziň ýanyňyzda bolar. Šu maksat bilen, Kaliforniýanyň
San-Diýego uniwersititetiniň hünärmenleri howa sazlaý-
jynyň prototipini döretdiler. Adaty howa sazlaýjylar elektrik
energiýasyny köp talap edip, ony ýanyňda göterip ulanyp
bolmaýar. Bu howa sazlaýjyny bolsa, peýdalanyjy daş-
töweregindäkileriň ünsüni çekmezden bedenine dakyp
gezmegi mümkin. Bu täzelik edil el daňysyna ýa-da bilezige meňzeşdirir.
Onuň içinde ýylylyk beriji ulgam hem
ýerleşdirilip, ol deriden ýyly howany sorup, ony sowadýar
ýa-da ýyladýar. Ýöne onuň temperatura diapozony ýokary bolman, bary-ýogy 5-10 selsiýdir. Şeýle bolsa-da,
bedeniň ýylylyk derejesini kadaly saklamak üçin bu ýeterlik. Bu mini-howa sazlaýjyny bedeniň islendik ýerine
dakmak mümkin.
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 июля 2019

Ine, eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri, Hundai şereketi özüniň täze Elevate ulag modeliniň üstünde irginsiz iş alyp bardy. Olaryň bu zähmeti netije berdi. Bu uly bolmadyk awtomobil dört aýakdan ybarat bolup, oňa seredeniňde birbada örän geň görünýär. Elevate awtomobili tebigy betbagtçylyklarda ulanmak üçin amatlydyr. Ol beýleki adaty ulaglaryň geçip bilmeýän ýerlerinde ýöremäge ukyplydyr. Sunami, ýertitreme, suw joşguny ýaly howply ýagdaýlarda Elevateniò “aýaklary” daşlara dyrmaşyp, päsgelçiliklerden geçmäge kömek edýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05671 sek. ýüklenen baýt: 30519