Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Zilhijje aýy
Ýazylan wagty: 20 июля 2019 Ýazan Mayichka
ZILHIJJE (GURBAN) AÝY
HAJ YBADATY WE GURBANLYK
Zilhijje aýy
Hijri aýlaryň arasynda Remezan aýy bilen Zilhijje aýy sogap taýyndan has bereketli we mukaddes aýlardan saýylypdyr. Çünki Remezan aýynda adamzadyň ruhy Kuran müň aýdan haýyrly gije bolan Gadyr gijesinde inipdir. Yslamyň bäş şertinden bolan oraza remezan aýynda tutulýar. Ziljijje aýynda bolsa yslamyň bäş şertinden Haj ybadaty, gurbanlyk, Arafa güni bu aýda berjaý edilýär.
Remezanyň soňky on günine berilýän ähmiýet Gurban baýramyna çenli bolan Zilhijje aýynyň ilkinji on güni kän bir meşhur bolmandyr. Aslynda Kuranyň Fejr suresiniň « we on gijä kasam bolsun!» manydaky ikinji aýynda we Pygamberimiziň hadyslarynda Zilhijje aýynyň ilkinji on güni barada hem aýdylýar we şol aýa musulmanlaryň ünsi çekilýär.
Tefsir alymlary Hezreti Musanyň mikatynda « we ongije ýene goşdyk. Şeýlelikde Rabbyň tarapyndan kesgitlenen wagt kyrk gijä tamamlandy.» (Araf, 7/142) aýatynda-da aýdylan on gijäniň Zilhijjäniň on gijesidigi bellenilýär. Zilhijjäniň bu on güni bilen baglanşykly hadyslardan biri Ahmet bin Hanbeliň Ibni Abbasda rürrüň berýän şu merfu hadysdyr:
Allahyň Resuly, « Günleriň hiçbiri şu on gündäki edilen amallar ýaly has sogaply we Allah tarapyn begenilen däldir», diýip aýdýar. Sahabalar: « Eý Allahyň Resuly, Allah ýolunda jihad hem şeýle sogaply dälmi?» diýýenlerinde, Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem, «Hawa, Allah ýolunda jihad hem ynsana şeýle mertebäni gazandyrmaz. Emma, diňe maly we jany bilen jihad edip soňunda şehit bolan şeýle däldir,» diýip jogap berýär.
Zilhijje aýynyň ilkinji sekiz gününde oraza tutmak barada bolsa hezreti Hafsa enemiz (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
Okalan sany: 61   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 июля 2019

Hajda bolmadyklara zilhijjäniň dokuzynjy güni bolan Araf güninde-de oraza tutmaklary mustahap bolup has sogaplydyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmet b. Hanbel). Başga bir hadysynda: «Allah Tagalanyň ynsanlary jähennem odundan has köp halas eden güni – Arafa günüdir» diýýär, (Müslim). Zilhijje aýynyň ilkinji on gününi agyz bekläp, ybadat edip, haýyr-sahawat edenlere, sadaka paýlaýanlara Allahutagala şu on nygmatyny berer diýip yslam alymlary belläpdir. Ömrüne bereket berer. Mal baýlygyny artdyrar. Maşgalasyny we çagalaryny ähli bela-beterlerden gorar. Şol kişinin eden-etmişlerini bagyşlar. Sogap we ýagşylyklaryny attdyrar. Soňky deminde amanadyny ýeňil tabşyrar. Gabryny ýagtylandyrar. Amal terezisinde sogap we ýagşylyklary agyr geler. Jehenneme atylmagynyň öňüne böwet bolar. Jennetdäki derejedir mertebeleri beýgeldiler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06770 sek. ýüklenen baýt: 31951