Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
KÄBE
Ýazylan wagty: 20 июля 2019 Ýazan Mayichka
KÄBE

Käbe, külli mümin-musulmanyň kalbynyň bilelikde urýan mihraby, ynsanlar üçin gurulan ilkinji bina we gadyr-gymmaty, sylag-hormaty bilen beýgeldilen ilkinji ybadathanadyr. Düýbü, Ýeriň ýüzünde heniz daşyň, kerpijiň bilinmedik bir döwründe, gökleriň aňyrysyndaky älemlerde meýilleşdirilip, päklerden päk bir nebi (Adam ata) tarapyndan tutuldy. Oturdylan zeminiň şol işe bölünip goýulmagy, Adam atanyň Ýere gadam basmazyndan ýyllar we ýyllar ozal belli edilen. Bu babatda şeýle rowaýat edilýär: Günlerden bir gün perişdeler Adam ata bilen duşuşanlarynda: “Sen, bar edilmezinden owwal biz ençeme gezek Käbäni togap edipdik”, diýýärler. Käbe, Arşy aglanyň aşagynda ýerleşen, perişdeleriň mesjidi bolan ‘Beýti Magmuryň’ edil aşagyna bina edilendir. Ýagny, Käbe, göni Arşy agla açylan penjire mysalydyr we ynsanlaryň Käbäniň öňünde edýän doga-dilägleri göni Allahyň huzuryna barýar.
Nuh tupanyndan soňra “ hany ýatla, Ybraýym we Ysmaýyl Käbäni täzeden bina edip, şeýle diýdiler: ‘Eý Rebbimiz, bizden bu haýyrly işi Kabul et!’..”, ilahy beýana görä, Pygamberler atasy hezreti Ybraýym we ogly ysmaýyl aleýhimüsselam tep-tekiz bolan Käbäni gadym esas üstünde täzeden gurup berdiler.
Ýeriň merkezinden “Sidretül Müntehaýa” (barlyk äleminiň gutaran çägine), çenli yns-jyn we perişdeleriň töwereginde hemişe togap edip durdyklary nurdan sütüniň Ýerdäki şekillenen bir görnüşi hasap edilen Käbe, her pursat göze görnen-görünmeýän san-sajaksyz arassa, tämiz ruhyň, harimine özüni oklap wuslat gözledigi, deň-taýsyz bir binadyr. Onuň gadyr-gymmaty asmanlara däňdir diýilse ýalňyş bolmaz... Aslynda Käbe ýerde we gökde Allahyň öýü manysynda “Beýtullah” diýip ýatlanylýar.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 июля 2019

Her ýyl ynananlaryň, dünýäniň çar künjeginden dürli ulaglar bilen onuň ýap-ýaşyl we öteler älemine açyk ýyly yklymyna ylgar we edil ýolun başyndaka bütin gündelik aladalarydan syýrylyp, egnindäki sada, arassa we ak eşikleri bilen taryplamak mümkin bolmadyk imrindirijilige ýeter, hamala perişdeler bilen bir hatara goşular. Käbe, dost mahremiýetine açyk bir haremlik, töweregi bolsa kesekilere-de açyk bir selamlyk, Safa-Merwe hakykat asmanyny tomaşa üçin taýýarlanan bir kameriýe (tapjan, balkon) , Makamy- Ibrahim öteler beýgelden nurly bir merdiwan, Zemzem guýusy-da bu aşk mejlisinde bir säki kimindir. Bularyň ählisi yşk ýolagçysyny birlikde salamlaýanda, ynsan edil ruhanylaşar, ruhuna açylan penjireler bilen “melekut älemini” tomaşa edip başlar, ynsan hyýaly tutuşlygyna şeýle giň ummanlara ýelken açar welin, bir ädim ýene ätlese özüni öteleriň hülýaly mawylyklarynnyň içine giren ýaly duýar…


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07398 sek. ýüklenen baýt: 31752