Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň täze gadamlary.
Ýazylan wagty: 22 июля 2019 Ýazan NEXTTM
Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň täze gadamlary.
 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda häzirki zaman ösen tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Halkymyzyň parahat durmuşda zähmet çekmekleri we asuda, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ýurdumyzda iri senagat kärhanalary, şeýle-de birnäçe durmuş ähmiýetli binalar we desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşleri bilen bir hatarda elektrik enrgetikasy pudagyny ösdürmekde hem asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini doly derejede kanagatlandyrmak we elektrik energiýasynyň daşary döwletlere eksport edilşiniň möçberini artdyrmak maksady bilen 2013-nji ýylyň aprel aýynyň 12-sine Hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň tapgyrlaýyn gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirildi. 

 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 24-ne Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna şa gadamy bilen gelip, Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy  pudagyna döwrebap  täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlygy 1574 Mwt-a deň bolan utgaşykly dolanşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny we  oňa barýan daşarky tebigy gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Amerikanyň “General Electric” kompaniýasynyň we “Çalyk Enerji” Türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmeginiň kararyna gol çekmegi ýurdumyzyň elektrik enrgetikasy pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri boldy. Bu iri taslamanyň gurluşyk işlerini 2015-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilmegi baradaky şertnama baglaşyldy.

 Häzirki wagtda   Mary welaýatynda  Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda umumy kuwwatlylygy 1574 Mwt bolan utgaşykly görnüşde işlejek bug-gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Täze gurulýan  elektrik stansiýasy takmynan  230 000 m2  meýdany tutar. Bu stansiýa özünde  her biriniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan 4 sany Amerikanyň “General Elektric” kompaniýasynyň 9 FA kysymly gaz turbinalaryny we D 200 kysymly her biriniň kuwwatlylygy 260 MWt bolan 2 sany bug turbinalaryny, 4 sany bug gazanlaryny we kömekçi enjamlaryny özünde jemlär. Şeýle hem öndüriljek elektrik  energiýasy 500  kV  we 220 kV güýjenmeli  elektrik beketleri  arkaly Türkmenistanyň  bitewi elektrik ulgamyna beriler. Utgaşykly görnüşde işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarda elektrik energiýasy gaz turbinaly generator we bug turbinaly generator ulgamlary arkaly öndüriler. Adaty görnüşde işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarda ýangyç ýakylanyndan soň turbinada işleýär we ondan soňra ýokary temperaturaly ýanma önümi atmosfera giňişligine zyňylýar, täze guruljak utgaşykly görnüşde işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasy gaz turbinasyndan çykýan ýanma önüminiň ýylylygyny peýdalanmagyň hasabyna, goşmaça ýangyç ýakmazdan bug gazanlarynda ýokary görkezijili bug öndürmekligiň hasabyna bug turbinalarynyň kömegi arkaly goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Netijede adaty görnüşde işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýalara garanyňda netijelilik 34%-den 57%-e çenli ýokarlanar. Gaz turbinalaryndan çykýan ýanma önümleriniň ýylylygyny peýdalanmagyň hasabyna atmosfera giňişligine zyňylýan tüsse gazlarynyň temperaturasy peseldiler. Mary Döwlet elektrik stansiýasynda guruljak utgaşykly görnüşde işlejek elektrik stansiýasy şol bir kuwwatlylyga eýe bolan ýönekeý görnüşde işleýan gaz turbinaly elektrik stansiýasy bilen deňeşdirilende gaz turbinalaryndan çykýan ýanma önümleriniň ýylylygyny peýdalanmagyň hasabyna her ýylda 1,1 milliard m3 tebigy gazyň  tygşytlylygyny üpjün eder.

 Geljekde bu gurulýan elektrik stansiýasy ýurdumyzyň elektrik enrgetikasy pudagynyň we ykdysadyýetimiziň sarsmaz sütünleriniň birine öwrüler. 

 Şeýle beýik işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07796 sek. ýüklenen baýt: 35219