Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmen saz gurallary Azerbaýjandaky sergide görkezilýär
Ýazylan wagty: 23 июля 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmen saz gurallary Azerbaýjandaky sergide görkezilýär

   Türkmen milli saz gurallary şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilýän "Saz gurallary: birlik we aýratynlyklar" atly saz gurallarynyň halkara sergisinde görkezilýär.

   30 döwletden 170-den gowrak saz gurallarynyň görkezilýän sergisinde oňa gatnaşyjylar hytaý, dagystan, owgan, alžir, gruzin, hindi, özbek, täjik we beýleki halklaryň saz gurallary bilen tanşyp bilerler.

  Serginiň dowamynda ägirt monitorda onda görkezilýän saz gurallarynda çalnan eserler hem eşitdiriler. Sergi Geýdar Alyýew merkezinde geçirilýär diýip, azeri metbugaty habar berýär.

  Türkmen milli saz gurallarynyň köpgörnüşliligini dikeltmek döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem esasy talaplarynyň biri. Ylmy çeşmelerde türkmen halkynyň 70-den gowrak saz guralynyň bolandygy aýdylýar.

Çeşme: Turkmenportal.com

Okalan sany: 362   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06190 sek. ýüklenen baýt: 30232