Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Ýaraşar........
Ýazylan wagty: 25 декабря 2012 Ýazan Marala


 

 Jerenler içinde gördüm bir Jeren
 Gözi-gaşy gabagyna ýaraşar
 Ol jerençe bolup bilmez her Jeren
 Aýdan sözi dodagyna ýaraşar. 

 Il içinde Jahan, Maral, Jeren kän
  Men gyz diýip gomp-gomp edip ýören kän
 Şahyryny gormedik kän, goren kän
 Müňden biri meň şygryma ýaraşar

Äleme inişi, döreýşi gözel
 Ýöreýşi,otyrşy,turuşy gözel
 Ýylgyrşy, edebi, gep urşy gözel
 Dymyşy-da dodagyna ýaraşar

 Şoňuň gujagynda uklajak gerçek 
Armanym bar diýse tumşygyna berjek 
Ýazdan doly, nurdan doly bu gujak 
Goç ýigidin ýassygyna ýaraşar

 Taňrym ony bahar-ýazyň paslynda
 Gül suwyndan ýasapmyka aslynda?
Bir ys gelýär ak alkymyň astyndan 
Hassa bolsaň müň derdiňe ýaraşar

 Dünýäniň ýüzünde ýene bir ene
 Beýle gyzy dogrup bilermi ýene 
Eý Taňrym, sözüme jogap bersene
 Jogap bermeli gudratyňa ýaraşar

Baýdak deý boýuňa bolup sadaga
 Her sözlän sözüňe bolup sadaga 
Gursagyňy mäkäm bassaň gursaga 
Güsüldisi gursagyňa ýaraşar 

 Yöne arman giç doglupdyrn azajyk 
Sen çuwal gyzkaň men kiçijik çagajyk
 Wah, irrajik doglan bolsam azajyk 
Onuň ömri meň ömrüme ýaraşar
 
Zyýany ýok,ýaşa uzak,uzak,uzak 
Mana diňe senin saglygyň gerek
Alnyň açyk bolsun eý, göwher ýürek 
Bu ak patam ak alnyňa ýaraşar. 

 
Okalan sany: 211   Jogaplar: ( 1 )

Betman
25 декабря 2012

Marala, Siziň ýazan goşgularyňyzy okamak maňa ýaraşar...


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12659 sek. ýüklenen baýt: 41266