Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Köke bişirýän enjam (wafelnisa)
Ýazylan wagty: 29 июля 2019 Ýazan Mayichka
Köke bişirýän enjam (wafelnisa) öý usulynda wafli taýýarlamak üçin
ulanylýan aşhana guralydyr. Ol iki tarapy birikdirilen ýokarky we aşaky
böleklerden ybaratdyr. Wafli üçin taýýarlanylan suwuk hamyr enjamyň gözeneklerine ýerleşdirilip, iki tarapy gyzardylýar. Şekiline gelen
wafli taýýar bolandan soňra usullyk bilen alyp, ýasy tabaga çykarmaly we köke sowamanka öz islegiňe görä şekil ýasamaly.
Has gadymy wafli enjamlary XIV asyrda peýda bolupdyr. Irki dö-
würlerde bu enjam iki tarapy birleşdirilen, açylyp ýapylýan metal
galypdan ybarat bolupdyr. Onuň tutawajy agaçdan ýasalypdyr.
Hünärmenler bu enjamyň dürli görnüşdäki galyplaryny ýasapdyrlar.
Olar galyplara şol ölçegdäki dürli şekilleri, nyşanlary oýup ýerleşdiripdirler. Galybyň içine ýumurtga, süýt, az mukdarda ýag we şekerden
taýýarlanan goýaltmany guýup, agzyny ýapypdyrlar we
ýanyp duran oda tutup gyzardypdyrlar. Şeýle görnüş-
de bişirilen köke önümi köpleriň göwnünden turup,
bu enjamy ulanýanlaryň artmagyna getiripdir.
1869-njy ýylda amerikaly Kornelius Swartwout wafli enjamynyň täze görnüşini oýlap tapypdyr. Ol enjam öňkülere meňzeş bolup, ýeke-täk tapawutly ýeri, tutawajynyň öňkä garanyňda, uzyn bolmagydyr.
K.Swartwout wafli bişirilýän wagty howply bolmaz
ýaly, tutawajyň uzyn bolmagyny üpjün edipdir.
1911-nji ýyldan başlap, Amerikada elektrik wafli
enjamyny öndürýän kärhana işläp başlaýar. Emma
belli bir sebäplere görä, bu aşhana enjamy şol dö-
würde satuwa çykarylmandyr. 1918-nji ýylda öňkülerden has kämil öndürilen elektrik wafli enjamy dünýä
ýüzüne ýaýrap başlaýar we doly ulanyşa girýär. Olaryň içine termostat (hemişelik temperaturany saklap
durýan apparat) goýulýar we oňa ýörite gyzgynlygy görkez-
ýän sanly düwmejik arkaly temperatura sazlaýjy ýerleşdirilýär. Döwrebaplaşan elektrik enjamy iki görnüşden ybarat bolup, biri gozgap
bolmaýan gaply wafli enjamy, beýlekisi bolsa, wafli görnüşleriniň
şekilini üýtgetmek üçin niýetlenen galyp toplumly enjamdyr.
Fransuzça «gaufre», gollandça «wafel», nemes dilinde «waffel»
sözünden gelip çykan bu atlaryň hemmesi umumylykda «Waffle»
diýlip tanalýar.
Taryhda ilkinji wafliniň taýýarlanyş usuly Belgiýadan gelip çykandyr. Şol ýere gelen syýahatçylar tagamyň taýýarlanyş syryny
öwrenýärler we ol Amerika ýurtlaryna hem-de beýleki sebitlere
ýaýradylýar. Bu datly köke önümi gysga döwrüň içinde halk köpçü-
liginiň ýokary islegine eýe boldy. Soň-soňlar wafliler amatly bahadan köçeleriň
ugurlarynda hem satylyp başlanýar. Wagtyň geçmegi bilen bu datly kökäniň taýýarlanyş usuly
her bir milletiň milli tagamyna göra üýtgedilýär. Bu süýjüligiň aýlawly, kremli, mürepbeli ýa-da buzgaýmakly
görnüşleri, gatlaklary dürli miweler bilen doldurylan wafli sandwiji taýýarlanylyp, ertirlik naharynda ýa-da çaý başynda
işdämenlik bilen iýilýär.
Soňky ýyllarda dürli tehnika öndürýän kompaniýalar tarapyndan wafli bişirýän enjamlaryň has-da döwrebap görnüş-
leri öndürilýär. Olardan, «Tefal», «Arzum», «Korkmaz», «Aksu», «Beko», «Vestel», «King», «Blue House» ýaly kompaniýalar
aşhana enjamlarynyň dürli kämilleşen görnüşlerini öndürip, halka hödürleýärler.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07272 sek. ýüklenen baýt: 32070