Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Peýdaly maslahatlar
Ýazylan wagty: 30 июля 2019 Ýazan Mayichka
Sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysy dessine aýyrmasaň, beýleki önümlere geçmek ähtimallygy bardyr. Ilki bilen, sowadyjyda döreýän ýakymsyz ysyň esasy sebäplerini aýdyňlaşdyralyň:
Meselem, agzy gapakly ýörite gaplarda saklanmadyk önümler sowadyjyda ýakymsyz ysyň
döremegine sebäp bolup biler. Şeýle sowadyjyda, käbir ter gök önümler köp wagtlap saklananda şeýle ys peýda bolup biler;
Sowadyjynyň suw akdyrýanynyň dykylmagy zerarly ys döremegi mümkin. Şonuň üçin wagtal-wagtal sowadyjynyň şol akaryny arassalap durmalydygyny ýatdan
çykarmaly däldiris;
Sowadyjy täze bolanda, onda plastik jisimleriň we demriň ysy bolýar, ýöne öý
bikeleri onuň gök önümlere siňmezliginiň aladasyny etmelidir;
Ýakymsyz ys sowadyjynyň dogry ulanylmadyk ýagdaýynda, heňleriň döremegi, howa täzeleýji ulgamynyň nädogry sazlanmagy netijesinde hem döräp biler;
Ýaramlylyk möhleti geçen önümleriň saklanmagy ýakymsyz yslaryň esasy sebäpleriniň biridir. Sowadyjyda ýatdan çykan bölejik önümler, naharlar, kesilen gök
önümler, miweler, turşan gatyk, gapagy ýapylman galan süýt we beýleki önümler
uzak wagtlap dursa, heňleriň döremegine getirer;
Şeýle-de sowadyjynyň içki temperaturasynyň ýalňyş goýulmagy ýaly sebäpler bilen-de ýakymsyz ys döräp biler. Bu ýagdaýyň nähili öňüni alyp bolýar?!
Sowadyjyny ýylda iki gezekden az ýuwmaly däldir. Arassaçylyk işleri geçirilende,
sowadyjylar üçin ýörite niýetlenen serişdeler bolmasa, himiki serişdeleri ulanmak maslahat berilmeýär.
Sowadyjydaky ýakymsyz ysy tebigy serişdeleriň üsti bilen hem aýryp bolýar:
— Sirkäni suwa garyp, hasany ölläp, sowadyjynyň diwarlaryny süpürmeli;
— Nahar sodasyny suwa garyp, hasa bilen süpürseňiz hem gowy netije berýär;
— Işjeňleşdirilen kömrüň birnäçe gerdejiklerini alyp, limon turşusy sykylan pamyk
bölegi bilen bir gapda sowadyjynyň tekjesinde goýsaňyz, ýakymsyz ys aýrylar.
Okalan sany: 98   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
30 июля 2019

Haçan-da, sowadyjy öçürilende, ony 5 minuda çenli ýakmaly däldir. Doňduryjydaky buzlar erände, gaty, ýiti zatlar bilen aýyrmaga synanyşmaly däldir. Bu diwarynyň bozulmagyna, frion suwuklygynyň çykmagyna getirýär. Sowadyjy arassalanyp ýakylansoň, şol wagt ony önümler bilen doldurmaly däldir. Sowadyjy uzak wagtlaýyn öçürilmezden işlemeli bolýandygy sebäpli, bu onuň üçin agyr ýüklenme bolýar. Sowadyjynyň içki temperaturasyny iň pes derejede goýmaly däldir. Bu hereketlendirijiniň işleýşini güýçlendirip, kompressora agram düşürer. Sowadyjy Günüň şöhlesiniň göni düşýän ýerinden, ýyladyş ulgamynyň enjamlaryndan uzakda goýulmalydyr.

Mayichka
30 июля 2019

Sowadyjyda azyk önümlerini saklamagyň ýörite düzgünleri bar. Bu düzgünler ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda önümler wagtyndan öň zaýalanyp başlaýar. Göräýmäge, satyn alnyp gelen önümleri ýöne sowadyja ýerleş- diräýmeli ýaly, hiç bir kynçylygy ýok ýaly, emma önümleriň hersiniň öz goýulmaly ýeri bardyr. Sowadyjyny çendenaşa doldurmaly däl. Bu onuň içindäki howanyň aýlanmagyna päsgel berer. Alýumin gapdaky konserwirlenen önümleri ýapyk aýna ýa-da jäç gaba geçirmelidir. Gury we doňdurylan önümleriň saklanylyşy hem aýrydyr. Çig etiň ýanynda bişen eti goýmaly däldir. Gury önümlere degişli bolan, aşy, däneli ösümlikleri, şekeri gök önümler, miweler bilen bilelikde goýmaly däldir. Gury önümleriň çyg çekýändigini, gök önümleriň bolsa, guraklanýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ter gök önümler üçin sowadyjynyň içiniň kadaly temperaturasy 5 — 7 derejede bolmalydyr. Ýiti ysly we özüne yslary çalt siňdirýän önümleri biri-birinden aýra we agzy berk ýapylan gapda goýmalydyr. Sowadyja nahar salnanda, ol otag temperaturasyndan gyzgyn bolmaly däldir. Bu sowadyjynyň temperaturasynyň bozulmagyna getirýär. Iýmit önümleriniň saklanyş düzgünleri, köplenç, önümleriň gaplarynda hem bellenilýär. Pes temperaturaly önümler sowadyjynyň gapysynda saklanylýar. Käbir önümleri bolsa, pes temperaturada saklamak bolmaýar. Olar şöhlat önümleri, ter miweler, gök önümler, peýnir we kakadylan önümler, çörek, taýýar işdäa- çarlar we balyk, banan, pomidor, şeýle-de sitrus miweleridir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05863 sek. ýüklenen baýt: 34363