Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Saç guradyjy enjam gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdýar
Ýazylan wagty: 30 июля 2019 Ýazan Mayichka
Saç guradyjy enjam gözbaşyny XIX asyryň
aýaklaryndan alyp gaýdýar. Ilkinji saç guradyjy enjam 1890-njy ýylda fransuz nysakçysy
Aleksander Godefroý tarapyndan oýlanyp tapylýar. Godefroý oýlap tapan saç guradyjysyny,
ilki bilen, Fransiýadaky saç bejerýän merkezinde
ulanypdyr. Godefroýyň saç guradyjysy elde gö-
tererden has uly bolany üçin saçy enjamy kellä
geýmek arkaly guradylypdyr. Islendik oýlanylyp
tapylan enjamlar wagtyň geçmegi bilen barha
kämilleşýär. Bu saç guradyjy enjam babatynda
Amerikaly oýlap tapyjy Gabriel Kazanjian geçen asyryň başlarynda saç guradyjynyň kämilleşmegine özüniň saldamly goşandyny goşupdyr. Ol 1911-nji ýylda elde göterilýän
saç guradyjyny oýlap tapýar. Gabrieliň saç guradyjysy elde göterilýän görnüşleriň ilkinjisidir.
1920-nji ýyldan başlap saç guradyjylaryň birnäçe görnüşleri söwda nokatlaryna ýaýradylýar.
Wagtyň geçmegi bilen «U.S. Racine Universal
Motor», «Hamilton Beach» kompaniýalary tarapyndan saç guradyjylaryň hili gowulandyrylyp,
elde götermäge ykjam, müşderileriň ünsüni çek-
ýän dizaýn şekilli görnüşleri öndürilip başlanýar.
Saç guradyjylarynyň hiliniň ýokarlanmagy we
görnüşleriniň köpelmegi bilen ýerine ýetirýän
işi hem dürli-dürli bolýar. Onuň köpdürlüliginiň
artmagy saç bejermekde hem-de guratmakda
meşhurlyga eýe edýär. Içki gurluşy taýdan jemi
häzirki zaman saç guradyjylarynyň dört görnüşi
bar. Saç guradyjyny satyn alanymyzda, ony dogry saýlap-seçmegimiz saçymyzy sagdyn halda
saklamagymyz üçin örän zerurdyr. Geliň, onda
saç guradyjynyň görnüşleri bilen tanşalyň!
1. Ionik saç guradyjynyň bir görnüşi bolup
Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
30 июля 2019

1. Ionik saç guradyjynyň bir görnüşi bolup, ol diňe saç guratmakda giňden peýdalanylýar. Saç guradyjynyň bu görnüşiniň aýratynlygy, beýlekilere garanyňda, ol has çalt guratmaga ukyplydyr. Inçe hem-de gysga saçly adamlara, şeýle-de gündelik durmuşda saç guradyjyny peýdalan- ýanlara ionik saç guradyjysyny ulanmak maslahat berilmeýär. Ol, esasan hem, aram saçlar üçin niýetlenendir. 2. Keramik görnüşdäki saç guradyjylary diňe bir saçy guratmakda däl, eýsem, bezeg işlerinde hem aýratyn orny eýeleýär. Çünki bu hili saç guradyjylar saçy öwşün atýan, ýüpek deý ýumşak ýagdaýa getirmäge ukyply bolup, saçyň buýralygynyň hem azalmagyna ýardam edýär. Şeýle hem yzygiderli saç guradyjy ulanýanlara hem keramik saç guradyjysyny ulanmak maslahat berilýär.

Mayichka
30 июля 2019

3. Tourmaline saç guradyjysy beýlekilere garanyňda, has ýakymlydyr. Sebäbi ol howanyň gyzgynlygyny saçyň çyglylygyna görä sazlamakda hem-de mylaýymlyk bilen guratmakda tapawutlanýar. Bu görnüşdäki saç guradyjylary ýogyn, uzyn hem-de buýra saçlylara ulanmak maslahat berilýär. Tourmaline saç guradyjylarynyň hiliniň ýokarylygy sebäpli, olar baha taýdan hem beýleki görnüşlerden tapawutlanýar. 4. Saç guradyjylaryň ýene-de bir görnüşi, titaniumdyr. Ol, esasan-da, ýogyn, uzyn saçlary bejermekde hem-de guratmakda ulanylýar. Titanium saç guradyjysy bolan ildeşlerimize saç salonlaryna gitmek zerurlygy çykmaz. Çünki bu saç guradyjynyň üsti bilen saçy islendik şekile getirmek, şol bir wagtyň özünde hem tiz ýerine ýetirmek mümkindir. Saç guradyjylaryň bu görnüşiniň aglabasy «Conair» kompaniýasy tarapyndan öndürilýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05786 sek. ýüklenen baýt: 33357