Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Muhammet ibn Nyýazbeg Ägähi
Ýazylan wagty: 30 июля 2019 Ýazan Mayichka
Muhammet ibn Nyýazbeg Ägähi (1809-1874) Hywanyň
golaýyndaky Kyýat diýen ýerde dogulýar. Ol Türküstanyň
beýik şahyry, terjimeçi we alymy bolan agasy Şir Muhammet
Munisiň ýanynda tälim alyp, kämillige ýetişýär. «Tagwyzul-
-aşykyn» («Aşyklaryň tumary») atly eserde Munis hakynda
şeýle goşgy setirleri bar:
Ajap ýok sada köňlüm ýetse herge kim bolmuş,
Aňa ýüz latyf birle bir nigar sada Munis.
Muhammet ibn Ägähi agasy Munis 1829-njy ýylda dünýä­
den ötenden soň, Hywa hanlygynda jogapkärli wezipe bolan
miraplyga bellenilýär. Ol 1839-njy ýylda Hywa hany Allaguly
hanyň buýrugy bilen agasynyň tamamlap ýetişmedik Hywa
taryhynyň dowamyny ýazmaga girişýär. 1851-nji ýylda ýa­
rawsyzlygy sebäpli, miraplyk wezipesinden boşadylýar. Ol
soňky ömrüni döredijilige bagyşlaýar.
Gündogaryň meşhur alymy Muhammet ibn Nyýazbeg
Ägähi öz döwrüniň tanymal ýazyjysy, terjimeçisi bolmak bi­
len bir hatarda, örän inçe duýguly degişgen-satirik we lirik
bolupdyr. Ol söýgi hakda öran ýakymly we çuňňur manyly
goşgulary düzmegi başaran mertebeli şahyr hökmünde hem
tanalypdyr.
Gündogaryň ylymly we bilimli beýik şahsyýeti arap-pars
dillerini birkemsiz bilipdir we ýaşan döwründe: «Ryýazuddöwlet», «Zübdedüt-tawaryh», «Jamygul-wukugaty solta­
ny», «Gülşeni döwlet», «Şahydy ykbal» we «Firdöws-i ykbal»
ýaly arap, pars elipbiýindäki birnäçe gymmatly kitaplaryny
ýazypdyr. Ägähi taryh bilen baglanyşykly eserleri hem döre­
dipdir. Ol diňe bir şahyr bolman, eýsem terjimeçilik bilen hem
meşgullanypdyr. Mysal üçin, türki dilindäki köp sanly gazal,
kasyda, mesnewi žanrynda ýazylan şygyrlary bir diwanda
toplan Ägähi «Rawzatus-safa», «Taryhy Jahanguşaýy Na­
diri», «Gülüstany», «Dürreýi Nädiri», «Ýüsüp we Züleýha»,
«Zübdetül-hekaýat», «Kowusnama» ýaly birnäçe pars dilin­
de ýazylan eserleri-de çagataý türkçä terjime edipdir.
Ägähiniň şygyr diwanlaryny arap-pars dillerinden türki
diline geçirmegi bu diliň ruhy baýlyklarynyň umumadamzat
hazynasyny baýlaşdyrypdyr hem-de möhüm we gymmat­
baha eserler bilen onuň üstüni ýetiripdir. Bu eserler taryhy,
edebi maglumatlaryň baýlaşmagyna itergi bermekde uly
orna eýe bolupdyr. Ägähiniň şygyrlarynyň mazmunyndan
onuň ylymly-sowatly adam bolandygy aýdyň duýulýar. Ol
şygyrlarynda şahyrana duýgularyň üsti bilen ynsanperwer­
lik, sahawatlylyk, edermenlik we başarjaňlyk ýaly adama
mahsus bolan ahlak kadalarynyň nähili belentdigini mesemälim görkezmegi başarypdyr. Ägähi öz eserlerinde adam­
lary parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamaga çagyrýar. Ol
goşgularynyň üsti bilen adamzat neslini mukaddes duýga
— ynsana bolan söýgä tarap ugrukdyrýar.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
30 июля 2019

Muhammet ibn Nyýazbeg Ägähiniň ömrüniň soňky ýyl­ larynda döreden eseri «Tagwyzul-aşykyn» («Aşyklaryň tumary») kitabydyr. Diwanda mynajat hem-de aşyk we magşuklaryň sowal-jogap arkaly aýdyşyklary berilýär. Di­ wandaky eserler hem mazmuny boýunça yşky-liriki tema bilen baglanyşyklydyr. Gelgil eý aramy jan, oldy kararym intizar, Ýolum üzre toprak etdi jismi zarym intizar. Tün-gün epganlar çekip, il içre ryswa bolmuşam, Goýmamyş yşkyň ara namysy arym intizar. «Tagwyzul-aşykyn» («Aşyklaryň tumary») biziň döwrü­ mizde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýän kitaplaryň biridir. Onuň ähmiýeti ýaş nesliň sowatly bolmagy we ýaşlaryň aň- düşünjesini giňeltmek bilen baglanyşyklydyr. Ägähi onlarça kitaby terjime etmek we pars-arap ýazgy­ syndan türki diline geçirmek bilen ylma hem-de medeniýete bolan çäksiz söýgüsini beýan edipdir. Şahyryň eserleri adam­ zat jemgyýetini ruhy we ahlak taýdan dogry ýola gönükdir­ mekde uly ähmiýete eýedir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07234 sek. ýüklenen baýt: 33114