Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Abu Seýit Mäne baba
Ýazylan wagty: 30 июля 2019 Ýazan Mayichka
Türkmen edebiýatynyň belli wekili Abu Seýit Mäne baba X-XI
asyrlaryň meşhur pähimdarlarynyň biri bolupdyr. Il arasynda Mä­
ne baba, kähalatlarda Abu Seýit Abul Haýyr ady bilen tanalan bu
meşhur şahsyň doly ady Abu Sahyt Fazlylla bin Abulhaýyr Mu­
hammet ibn Ahmet Mähneýidir. Nisbesine (bu arap dilindäki söz
bolup, gündogarda araplaşdyrylan atlaryň soňky bölegi diýen ma­
nydadyr) seredeniňde, onuň doglan ýeriniň Mänedigi belli bolýar.
Mäne şäheri häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde
ýerleşýän orta asyr şäheri bolup, öz döwründe ol ýerden örän köp
sanly alymlar çykypdyrlar we ol möhüm söwda ýoly bolan Beýik
Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir.
Mäne baba öz kakasynyň durmuşda möhüm zatlary satýan
söwdagär adam bolandygyny belläpdir. Şonuň üçin onuň kakasyna
il arasynda «attar» diýlip hem ýüzlenilipdir. Arap dilinde «attar»
diýmek atyrçy ýa-da atyr satyjy diýen manylary aňladýar. Mäne
babanyň kakasy lukmançylykdan ýa-da öz döwrüniň özboluşly
tebipçiliginden gowy baş çykaran bolmaly. Sebäbi ol ýerli ilatyň
dürli kesellerini bejeripdir, garyp-gasarlara kömek edipdir.
Mäne babanyň kakasy Gaznaly döwletiniň köşgi bilen ýakyn
aragatnaşykda bolupdyr. Ol Gaznaly türkmen döwletini 998-1038-
nji ýyllarda dolandyran Mahmyt Gaznalynyň köşgüni hoşboý ysly
dermanlar bilen üpjün edip bilipdir. Patyşanyň aýratyn hormatyn­
dan peýdalanypdyr we köşge islän mahaly girip-çykyp bilipdir.
Mäne babanyň kakasy Gaznaly hökümdarynyň dosty bolan­
soň, nakgaşlara we mimarlara jaýynyň diwaryna Mahmyt Gaznaly
barada we onuň söweşlerini mahabatlandyryp, dürli suratlary çek­
diripdir. Ahmediň Mänede «Şyhyň köşgi» ýa-da «Şyhyň saraýy»
diýlip atlandyrylýan köşgi bolupdyr. Şol köşgüň diwarlarynda şeýle
suratlar köp eken. Mäne babanyň kakasynyň aradan çykan wagty
barada anyk maglumat ýok.
Kakasy Ahmediň köşgüniň diwarlaryna mahabatlandyryjy su­
ratlary çekdirýändigini gören ýaşajyk Abusagyt Abulhaýyr özi üçin
aýratyn jaý salnyp berilmegini soraýar. Onuň islegi boýunça jaý
gurulýar. Kakasy bir gezek oglunyň jaýyny synlamaga gelende,
jaýyň diwarlarynda «Alla» diýip ýazylan ýazgylary görüpdir. Bu
barada oglundan soranda: «Her kim öz dostunyň adyny ýazýarda» diýen jogaby eşidipdir.
Mäne baba başlangyç bilimi öz dogduk obasynda alypdyr. Dini
bilimlerden ýüki ýeten derejesine barmak üçin ýaşajyk Abuseýit
Abulhaýyr gije-gündiz okapdyr. Ýaşlykdan öz nebsine buýurma­
gy, kalbyny hemme ýaramaz zatlardan arassa saklamagy endik
edinipdir.
Mäne babanyň ýaşlyk döwründe köp sanly ylymlardan habar­
dar bolup ugrandygy barada maglumatlar bar. Kakasy onuň köp
okamagyna asla üns bermeýär. Emma soňra ony ünsli synlap,
elmydama yzarlap ugraýar. Bir gezek Abuseýit Abulhaýyr gije
hemmeler ýatandan soňra, Mäne galasynyň daşyndaky guýy­
nyň ýanyna barýar. Onuň agyzragyna bir demir çüýi kakyp, ýüp
daňýar. Mäne baba daňlan ýüpe ýapyşyp, öz aýaklaryna bagla­
nan ýüpden guýa başaşak sallanýar. Şol durşuna-da «Gurhany
Kerimiň» aýatlaryny gaýtalap-gaýtalap okap başlaýar. Oglunyň
bu ýagdaýyny yzyna düşüp ýören kakasy hem bilmeýär. Şondan
soňra ol öz ogluny kän bir gözden salmandyr. Mäne baba ýeldir­
gän ýaly bolup, Haweran sährasyna (Etek düzlügi ýa-da häzirki
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý hem Kaka etraplarynyň aralygyndaky
ýer) çykýar. Şol ýerlerde ýaşajyk Mäne baba derwüşçilik edipdir.
Mäne babanyň Haweran düzlüginde derwüşçilik eden wagty 14
ýyl diýlip görkezilýär. Ol şonça ýyllaryň dowamynda diňe ýandak
iýip oňňut edenmişin.
Soň Mäne baba derwüşçiligini taşlap, Mänä gelýär. Ybadat
edip, özbaşdak okap başlaýar. Onuň töweregine köp adamlar
jemlenip başlaýar.
Alan bilimi özüni kanagatlandyrmansoň, ol şol döwürde ösen
ylmy hem medeniýeti bilen tapawutlanan gadymy Merwe ylym-bilim almak üçin ugraýar.
Gadymy Merwe baran Mäne babanyň ilkinji halypasy Abu Ab­
dylla al-Hazarydyr. Al-Hazary Merwdäki medreseleriň birinde sa­
pak beripdir. Mäne baba 5 ýylyň dowamynda Merwde al-Hazarydan
musulman hukugy we kanunçylygy boýunça düýpli sapaklary alýar.
978-979-njy ýyllarda belli alym Abu Abdylla al-Hazary aradan
çykypdyr. Onuň aradan çykmagy bilen Mäne baba ýene-de täze
halypa tutunmaly bolupdyr.
979-989-njy ýyllar aralygynda Mäne baba ýene Merwde galyp,
ol ýerde döwrüniň belli alymy Abubekr Keffalydan dini taglymaty
we gaýry ylymlary ürç edip öwrenipdir. 989-njy ýyl Abuseýit Abul­
haýryň Merwden gaýdan ýyly hasaplanylýar.
Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
30 июля 2019

989-njy ýylda Mäne baba Sarahsa gelýär. Ol ýerde şahyr hemde derwüş Lukman Mežnun bilen tanyşýar. Soň ol belli alym şyh Abylfaraž Sarahsy bilen tanyşýar. Häzirki Saragt baba gümmezi şol halypa alymyň mazarynyň üstüne galdyrylypdyr. Sarahda mahaly, Mäne baba Abu Aly Fakyh Sarahsydan ýe­ ne-de yslam hukugyny öwrenipdir. Halypasy aradan çykandan soňra, Mäne baba Abulfazl Sarahsynyň talyplar toparyna kabul edilipdir. Şonda belli alym Lukman Sarahsynyň ullakan goldaw berendigini bellemelidir. Mäne baba ylym-bilim almak maksady bilen Sarahsdan hem gidýär. Abylfazl Sarahsynyň ugratmagy bilen Mäne baba Nişapur şä­ herine barypdyr. Ol ýerde horasanly sopularyň ruhy ýolbaşçysy Abu Abdyrahman Süleminiň ýanynda bilim almaga başlaýar. Ol halypasyndan dini taglymaty kemsiz öwrenipdir. Nişapura gitme­ zinden ozal, Mäne baba 7 ýyllap Mänede ýaşapdyr. Şonda onuň bilimi has hem kämilleşipdir. Abdyrahman Sülemiden dini taglymaty kemsiz öwrenip, alym­ lygy ele alan Abuseýit Abulhaýyr Nişapur mekdebinden Mäne obasyna dolanyp gelýär. Halypasy Abulfazl Sarahs bilen ýene-de dostlukly gatnaşyklaryny saklaýar. Abulfazl tiz wagtdan aradan çykýar. Abulfazl Sarahsy aradan çykansoň, Mäne baba beýik piriň gözleginde Amula (köne Çärjew ýa-da häzirki Türkmenabat şäheriniň 10 kilometr golaýyndaky şäher) barýar. Ol ýeriň uly piri Abulabbas Gassabyň ýanynda bolup, sopuçylykda kämillige ýetip, ondan pata alyp gaýdýar. Tanymal şahs 1049-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine, anna agşamy Mänede aradan çykýar. Häzirki wagtda onuň guburynyň üstüne galdyrylan gümmez-ýadygärlik Mäne obasynyň golaýyn­ da ýerleşýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06020 sek. ýüklenen baýt: 36214