Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Telefony kim oýlap tapdy
Ýazylan wagty: 30 июля 2019 Ýazan Mayichka
Telefony kim oýlap tapdy?
Bu soragyň jogabyna adamlaryň köpüsi Aleksandr Bell diýip
jogap bermegi mümkin. Ýöne bu hakykatdanam şeýlemi?
Telefonyň oýlanyp tapylyşy asly italiýaly Antonio Meuççä
degişli. Ol 1850-nji ýylda Florensiýadan Amerika göçüp gelýär
we 10 ýyldan soň ilkinji telefonyň işleýşini görkezýär. Netijede,
bu täze enjamynyň özüne degişlidigi barada wagtlaýynça pa­
tent almaklyk üçin arza ýazýar. Geň galaýmaly, ýöne arzasyny
beren şol edarada («Western Ýunion») Aleksandr Bell işleýärdi.
Wagtyň geçmegi bilen Meuççiniň enjamynyň çyzgysy «ýitip»
gidýär. 5 ýyldan soň şol bir enjam bilen Aleksandr Belliň suraty
gazetlerde çap edilýär. Meuççi 1889-njy ýylda garyplykda aradan
çykýar. Muňa garamazdan, 2004-nji ýylda ABŞ-nyň kongresi te­
lefony oýlap tapanlygy üçin sylagy Meuççä bermegi karar edýär.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
30 июля 2019

Öküz­ler gy­zyl reň­ki saý­gar­ýar­my? «Hawa» diýip jogap bermeziňizden ozal, gowy pikirleniň. Aslynda, öküzler ýa-da sygyrlar hiç hili reňk saýgaranoklar. Adat­ ça, öküz we gyzyl reňk diýenimizde, göz öňümize matadorlar gelýär. «Eger öküzler reňk saýgarmaýan bolsalar, onda näme üçin matadorlar (göreşjeňler) gyzyl reňk ulanýar. Öküziň mata­ doryň elindäki gyzyl reňkli mata gahary gelýändigi dogry, ýöne matanyň gyzyl bolandygy üçin däl-de, matanyň hereketiniň çalt bolýandygy üçindir. Matadorlaryň bolsa gyzyl reňk ulanmaklary­ nyň sebäbi, bu reňk olar üçin däp. Öküzler, adatça, hereketi çalt predmetlere topulýarlar. Şonuň üçin öküziň öňünden arkaýyn gyzyl eşikli geçiberiň, haýal hereket etmegiňiz ýeterlik.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06275 sek. ýüklenen baýt: 30932