Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýabany nahallary göçürip oturtmak
Ýazylan wagty: 03 августа 2019 Ýazan Mayichka
Ýabany nahallary göçürip
oturtmak
Tokaýy dikeltmegiň ýene bir usuly – ýabany nahallary
gazyp alyp, olary isleýän ýeriňizde ekmekden ybarat.
Sagdyn tohumlyk baglary tapyp, olaryň golaýynda ýa-da
aşaklarynda ösýän nahallary saýlaň.
Kiçijek nahallary gazyp alanyňyzda, onuň köküni
zaýalamajak boluň. Nahalyň köki zaýalansa, ol gowy
ösmez.
Nahalyň töweregini onuň köküniň ugry bilen seresap
gazyň. Eliňiz ýa-da gural bilen köküň töweregindäki
topragy silkmezlige çalşyp, nahaly ýerden çykaryp alyň.
Ýere ekýänçäňiz, nahalyň kökleriniň töweregindäki
topragy çyg saklaň. Kökleri topraga ornaşyp, özlerine
suwy özbaşdak tapýançalar, nahaly suwarmagy dowam
ediň.
Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
03 августа 2019

Nahallary nahalhanada ösdürip ýetişdirmek Nahalhanalar baglaryň beýleki ýerlere göçürilip ekilmeginden öň, olara sagdyn başlangyjy üpjün edýärler. Emma nahalhananyň döredilmegi we onuň aladasy köp işi talap edip biler. Baglary nahalhanalarda şu aşakdaky ýagdaýlarda ýetişdirmek ýerliklidir: • Siziň ekmek isleýän baglaryňyzyň tohumlary we gözlüje çybyklar ýeterlik bolmasa; • Ýaş baglar goralmasa, zyýanly mör-möjekler olary zaýalasalar; • Nahalhanalara gözegçilik etmek üçin adamlaryň ýeterlik wagty bolsa. Baglary gönüden-göni topraga ekmek olary nahalhanada ösdürip ýetişdireniňden aňsatdyr. Emma şeýle edilende, köp nahallaryň kök urman, guramagy ahmal.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06781 sek. ýüklenen baýt: 30616