Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gurban kesmegiň hikmetleri
Ýazylan wagty: 04 августа 2019 Ýazan Mayichka
Gurban kesmegiň hikmetleri
Gurban – hem şahsyýet, hem-de jemgyýet taýyndan ençeme peýdasy bolan, mal bilen edilýän ybadatdyr. Gurban – Allaha ýakynlaşmaga we Onuň razylygyny gazanmaga wesiledir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emr etdik. Ryzk hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allahyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe Oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla», (Haj, 34). Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Kurany Kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allah ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülk we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Allahdygyny ýatladýar. Gurbanlygyň hezreti Ibrahim we ogly Ismail bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ibrahimiň düýşünde ogly Ismaili gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ismailiň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allah ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň Allah Tagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler.
Gurban kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Allaha ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki, Kurany Kerimde Allahutagala şeýle buýurýar:
«Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Allaha ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Allaha bolan tagatyňyzdyr»,
Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
04 августа 2019

Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir. Gurban kesmegiň ahyret peýdasy barada Pygamberimiz hadysy-şerifinde şeýle aýdýar: «Gurbanlykda malyňyzyň gowusyny kesiň, çünki, olar syratda siziň ulagyňyz bolar». Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Adam ogly gurban baýramy gününde damak çalmakdan başga haýsydyr bir gowy iş bilen Allaha ýakynlaşyp bilmez. Damagy çalnan mal kyýamat güni şahy, toýnagy we gyly bilen geler. Gurbanyň gany ýere degmänkä, ol mal Allahyň dergähinde belent mertebä göteriler. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy göwnühoşluk bilen kesiň» diýilýär, (Mälik, «Muwatta», Ibni Maje).


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06089 sek. ýüklenen baýt: 31845